ULY RUHUBELENTLIGE BESLENEN GEZELENÇ ÇÄRESI

       Düýn Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, alymlarynyň, döredijilik, medeniýet, sungat, bilim we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda Magtymguly Pyragynyň Aşgabat şäherindäki ýadygärliklerine, dana şahyryň adyny göterýän edaralara, guramalara awtobusly gezelenç çäresi geçirildi.

       Gezelenç çäräniň dowamynda ýazyjy-şahyrlar, döredijilik, medeniýet, sungat işgärleri Magtymguly Pyragynyň goşgularyny, onuň goşgularyna döredilen aýdymlary hem-de akyldar şahyryň döredijilige bagyşlap ýazan goşgularyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine degişli täsirli maglumatlary bilim işgärleriniň, alymlaryň gürrüň bermegi bolsa çäräniň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Gezelenjiň dowamynda her bir şahyryň adyny göterýän edaralaryň, guramalaryň işgärleri beýik akyldar şahyryň adyny buýsanç bilen göterýän edaralarda, guramalarda zähmet çekýändiklerine buýsanýandyklaryny belläp, şeýle nusgawy şahsyýetlerimiziň ruhlaryny belende götermekde alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

 

Jemal SAPAROWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar»

elektron žurnalynyň bölüm redaktory.