SANLY BILIM TORY ARKALY DERS BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     Ýakynda Türkmen döwlet medeniýet institutyň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersi boýunça internet we sanly bilim tory arkaly açyk internet olimpiadasy boýunça onlaýn ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň maksady «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekden we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Onlaýn ders bäsleşigine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary gatnaşdy. Bäsleşigiň şertine laýyklykda oňa gatnaşyjy talyp ýaşlar bellenilen 60 minudyň dowamynda 50 sany soragdan ybarat teste jogap berdiler. Onlaýn ders bäsleşigiň netijesinde ýeňijiler 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.

 

Maral MEREDOWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň

«Maglumat ulgamlary» kafedrasynyň mugallymy.