2024-nji ýylyň aprel aýynyň 19-y. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, iş toparlary tarapyndan raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny goramak, öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleriniň dowam etdirilýändigi aýdyldy. Ýurdumyzda sanitariýa işini kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak, ylmy edaralaryň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, hereket edýän birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.
Geçen döwürde Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri bilen bagly okuw sapaklary guraldy. Halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem aýdyldy. Şol işiň çäklerinde Mejlisiň wekili BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan Norwegiýa Patyşalygynyň Oslo şäherinde geçirilen parlamentarileriň halkara maslahatyna gatnaşdy. Mundan başga-da, deputatlar ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan BMG-niň düzüm birlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guralan forumlara, duşuşyklara gatnaşdylar.
Deputatlaryň döwlet syýasatyny, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýan halkara başlangyçlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän dürli çärelere gatnaşýandyklary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýändikleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlar bilen ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda menzilara ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan işlenip taýýarlanan “Internet-bank” we “Mobil-bank” ulgamlaryny ulanyşa girizmek baradaky teklibi hödürläp, olaryň mümkinçilikleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň üçin töleg ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi goldap, wise-premýere «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahsy taraplar üçin niýetlenen döwrebap bank hyzmatlarynyň ulgamlaryny ulanyşa girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan öndürilýän suwuklandyrylan gazy kabul edýän, saklaýan we ýükleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan degişli desgalaryň durkuny täzelemek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu desgalar üçin zerur bolan maddy-tehniki serişdeler bökdençsiz üpjün edilýär. Munuň özi olaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli teklipler beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda suwuklandyrylan gazy öndürmäge hem-de ony halkara bazarlara ygtybarly ibermäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Munuň üçin öndürilýän suwuklandyrylan gazy talabalaýyk kabul etmäge, saklamaga we ýüklemäge niýetlenen desgalary döwrebaplaşdyrmak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi dowam edýär, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar galla oragy möwsümine taýýarlanylýar. Şeýle-de pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek maksady bilen, ýüpek gurçuklaryna ideg etmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy. Ýazlyk ekinleri ekmek we olara ideg etmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp barylýar. Diýarymyzyň ähli künjeginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary derejede guramak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň, hususan-da, hatarara bejergi işleriniň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek üçin degişli işleri dowam etdirmegiň, galla oragy möwsümine häzirden gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýüpek gurçuklaryna ideg etmekde-de zerur işleri alyp barmagyň, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak işlerine uly ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň önümçilik ygtybarlylygyny gazanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
“Marykarbamid” zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, ony önümçilikde ulanylýan çig mallar we himiki serişdeler, ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar bilen yzygiderli üpjün etmek, göz öňünde tutulan tehniki kadalara laýyklykda bejermek, abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurt kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak babatda beren tabşyryklary esasynda, zawody taslama kuwwatyna çykarmak maksady bilen, “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” ýapon kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Marykarbamid» zawodyny bökdençsiz işletmek üçin, tehnologik kadalara laýyklykda, önümçiliklerde ulanylýan çig mallar, himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümleriniň we halyçylyk kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, halyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, gadymy halylaryň özboluşly nusgalaryny aýawly saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär, olarda halyçylaryň netijeli zähmet çekmekleri, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Haly önümleriniň görnüşlerini mundan beýläk-de giňeltmek, milli öwüşginleri aýawly saklamak, içerki we daşarky bazarlaryň bu ugurdaky isleglerini kanagatlandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini, ony dünýä ýaýmakda, yzygiderli kämilleşdirmekde uly tagallalar edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň garamagyndaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna milli senenamamyzyň şanly senesiniň hormatyna geçiriljek dabaralary talabalaýyk guramak üçin işlenip taýýarlanylan degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi hem-de ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan weteranlara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Ýeňiş güni egsilmez joşgun, buýsanç duýgulary bilen giňden bellenilýär. Geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny goran uruş weteranlary barada döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýär. Olaryň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem Ýeňiş baýramynyň şanyna baý many-mazmunly syýasy-jemgyýetçilik, medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Asylly däbe eýerilip, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk edermenligi hormatlanyp, olara dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul serişdeleri, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar, ýaşuly neslimiz barada edýän aladalary, olaryň durmuş goraglylygy babatda yzygiderli berýän goldawlary üçin ýaşuly nesliň adyndan sagbolsun aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gahrymançylygyň we zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezen uruş hem zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Olar ýaş nesillerimizde watançylyk, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly belent ahlak häsiýetlerini terbiýeleýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, Ýeňiş güni bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň şu ýylyň 15-16-njy aprelinde Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan köptaraplaýyn çärelere, şol sanda “Merkezi Aziýa+” formatyndaky duşuşyklara işjeň gatnaşýar. Saparyň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň strategik gepleşikler boýunça ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Şunuň bilen birlikde, Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde geňeşmeler geçirildi.
Köptaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda Owganystana degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy, taraplaryň bu ugurlardaky garaýyşlary beýan edildi. Şeýle hem söwda-ykdysady, maýa goýum ulgamlarynda, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak babatda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki hereketler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Medeniýet, bilim-ylym ugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesine hem üns berildi. Şeýle-de “2023 — 2027-nji ýyllarda strategik gepleşikler we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasyny” durmuşa geçirmäge gönükdirilen işlere seljerme berildi. Forumyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
Türkmen tarapynyň çykyşynda geçen ýylyň iýulynda Jidda şäherinde geçirilen “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryndan ugur alnyp, ählumumy çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmagy teklip edilýän meseleler beýan edildi.
Iki sebit üçin gyzyklanma bildirilýän esasy meseleler boýunça Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmek teklip edilýär. Ykdysadyýetiň ýangyç-energetika, gaýtadan işleýän senagat, gurluşyk, gämi gurluşygy, dokma senagaty ýaly pudaklarynda bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyzyň Işewürlik geňeşini döretmek barada öňe süren teklibini durmuşa geçirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan şu ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Hususan-da, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek baradaky teklipleriň durmuşa geçirilmegi üçin tagallalary birleşdirmek teklip edilýär. Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselesi babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli Hökümetleriň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, biziň ýurtlarymyzda halkara düzümleriň hemişelik edaralaryny döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak barada Türkmenistanyň başlangyjynyň derwaýysdygy we esaslydygy aýratyn nygtaldy.
Şeýle-de türkmen tarapy medeni-ynsanperwer ulgamda özara hereketleri güýçlendirmäge uly itergi berjek Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Medeniýet dialogyny döretmegi teklip etdi. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň agzasy bolan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk hukuk esaslaryny döretmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan meýilnamany durmuşa geçirmek üçin täze resminamalary işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi. Döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalaryň barşynda ýokary derejedäki özara saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda bellemek maksady bilen, Özbegistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda kinofilm surata düşüriler, sahna oýny goýlar, şanly senä gabatlanyp, çäreleriň giň toplumy geçiriler.
Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler hem geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, parlamentara gatnaşyklar döwletara dialogyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda özara saparlary yzygiderli guramagyň we parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.
Şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giň tejribesiniň toplanandygy bellenilip, ony işjeňleşdirmek barada ylalaşyldy. Şunuň bilen birlikde, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygyň wajypdygyna üns çekildi. Hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň hem-de “Merkezi Aziýa+” formatynyň çäklerindäki gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy.
Ykdysady ulgamda özara gatnaşyklar geňeşmeleriň esasy meseleleriniň biri hökmünde görkezildi. Duşuşygyň barşynda dürli pudaklarda, iki ýurduň hususy ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek meselesine garaldy. Şeýle-de Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky duşuşygyny guramagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, söwda merkezini gurmak we serhetýaka söwda zolaklarynda bilelikdäki söwda öýlerini işe girizmek bilen baglanyşykly işleri işjeňleşdirmäge üns berildi. Suw hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky däp bolan gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we Özbegistanda guralýan çäreleriň wajypdygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Aýlagdaky arap döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Döwletimiz bu ýurtlar bilen ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýar. Sebitleriň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi döwletimiziň durnukly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aýlagdaky arap döwletleri we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, pudagyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk pudagyna degişli netijeli işleriň alnyp barylmagynyň ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga öz täsirini ýetirjekdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.
Soňra M.Çakyýew 15 — 19-njy aprel aralygynda paýtagtymyzda geçirilýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine laýyklykda, guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda alyp baran işleriniň jemlerine, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak ýaly meselelere garaldy. Şeýle hem demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Mejlisiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Munuň özi DÝHG-niň işjeň agzalarynyň biri bolan Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň jemleri boýunça kabul ediljek Aşgabat Jarnamasy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sebit ähmiýetli halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilendigini nygtap, forumyň netijeleri boýunça kabul edilýän Aşgabat Jarnamasynyň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasy bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna ýokary derejede geçirilen mejlise gatnaşyjylara öz minnetdarlygyny ýetirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
TDH