TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLARY BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ ÝAŞLAR FORUMYNA GATNAŞDYLAR

      Şu ýylyň aprel aýynyň 16-18-i aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) gurnamagynda Ýaşlar forumy geçirildi. Foruma ýurdumyzdan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Begenç Halnepesow hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Maral Allaberdyýewa dagylar gatnaşdylar.

      Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Ýaşlar forumy dünýäniň dürli künjeklerinden bolan ýaşlaryň özara pikir alyşmagy, olaryň abadançylygyna täsir edip biljek meseleler boýunça gepleşikleri geçirmegi üçin ählumumy platforma bolup durýar.

      Bu halkara çärä işjeň gatnaşan ýurdumyzyň ýaş wekilleri şunuň ýaly ýokary halkara derejeli çärelere özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Tükmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

Selbi ATAJANOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara

hyzmatdaşlyk bölüminiň baş hünärmeni.