Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda, 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýulan wezipeler, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmak, terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary alnyp barylýar.
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ýöriteleşdirilen bank mekdebinde, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw, Aşgabat energetika orta hünär okuw, Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdepleriniň her birinde talyp ýaşlaryň, mugallymlaryň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň we syýasy partiýalaryň wekilleriniň çykyş etmeklerinde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Çärede edilen çykyşlaryň her birinde ýaşlaryň watansöýüji, arassa ahlakly, edep-terbiýeli, milli däp-däp dessurlarymyza, maşgala gymmatlygyna hormat goýýan, ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýän kämil şahsyýetler bolup, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly il halar adamlar bolup özlerine bildirilýän ynamy ödäp, ýurdumyzy gülledip ösdürjek ýaşlar bolup ýetişmekleri dogrusynda nygtalyp, ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Näzik ATAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.