ÝAŞLARYŇ SPORT ÜSTÜNLIKLERI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen birlikde türkmen sporty hem hil taýdan täze derejelere çykaryldy. Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan döwletimiz sport mümkinçiliklerini, parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

     Şunuň bilen baglylykda, şu gün Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz-tagallalary bilen, 2024-nji ýylyň 15 – 20-nji apreli aralygynda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen Hokkeý boýunça halkara ýaryşlarynyň duşuşyklarynda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri mynasybetli «Gahryman Arkadagly we Arkadagly Gahryman Serdarly türkmen ýaşlarynyň täze sport üstünlikleri bilen Watanymyzyň şan-şöhraty arşa galýar» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

     Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň 8 gezek çempiony bolan «Galkan» hokkeý klubynyň öz janköýerleriniň goldamagynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlyk etmeginde owadan oýun görkezip, ýaryşyň ähli oýunlarynda ýeňiş gazanyp, bu arzyly ýaryşyň netijeli toparyna öwrülendigini, bu geçirilen halkara ýaryşyň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň degişli hünäriniň talyplary, hünärmenleri, şeýle-de tälimçileri üçin tejribe toplamakda uly ähmiýetli bolandygyny maslahata gatnaşanlar uly buýsanç bilen bellediler. Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

     Şeýle hem, halkara hokkeý ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, ýaryşyň Baş baýragyna, ýagny baýrakly 1-nji orna mynasyp bolan «Galkan» hokkeý klubynyň türgenlerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

     Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen sportunyň şöhratyny belende galdyrýan we bu ugurda türkmen türgenlerine nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli dünýä nusgalyk işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

 

Näzik ATAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.