TOÝ GÜNÜNDE BEDEW ATLAR ÇAPYLAR...

      Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilip, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dürli çäreler geçirilýär. Göwünlere ylham berýän bahar paslynyň toýly günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda Türkmen bedewiniň Milli baýramy mynasybetli söhbetli gepleşik ýazgy edildi. Gepleşige TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni Serdar Gurbanmuhammedow, TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Hoşgeldi Annageldiýew hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni Ajap Baýgeldiýewa dagylar gatnaşdylar. Täsirli geçen gepleşikde Gahryman Arkadagymyzyň bedewlere bagyşlap ýazan eserlerinde halkymyzyň guwanjyna öwrülen bedewleriň taryhyna, gözelligine we dünýädäki abraýyna bagyşlanan maglumatlary, jümleleri, ýazyjy-şahyrlaryň goşgudyr eserlerinde atlaryň waspy, häzirki döwürde türkmen bedewleriniň şan-şöhraty we taryhda yz galdyrandyklary barada giňişleýin gürrüňler edildi.

      Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan türkmen bedewlerine uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ähli halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar!

 

 

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Maglumat beriş bölüminiň hünärmeni.