PARAHATÇYLYGY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA

       Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistan döwletimiz tarapyndan öňe sürilen başlangyjyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli «Parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik we ynanyşmak strategiýasyny işjeňleşdirmekde türkmen ýaşlarynyň orny» atly maslahaty geçirildi.

       Many-mazmunly çykyşlarda bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistan Diýarymyzyň oňyn Bitaraplyk syýasaty netijesinde halklaryň arasynda ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendigi, şeýle hem bu resminama dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini görkezýändigi barada beýan edildi.

       Maslahatyň dowamynda täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli beýik işleriň, taryhy we şanly wakalaryň üstüni ýetiren hoş habaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň Türkmenistan döwletimiziň bu başlangyjyny goldamagynyň, 86 ýurduň awtordaş bolmagynyň halkymyz üçin örän uly abraýdygyny nygtadylar.

       Duşuşyga gatnaşyp çykyş edenler, ýeriň ýüzünde agzybirligi, parahatsöýüjiligi, dost-doganlygy pugtalandyrmakda we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek babatda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly işlerinde we beýik başlangyçlarynda rowaçlyk arzuw etdiler.

 

Didar GELDIÝEW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.