TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BOÝUNÇA MERKEZI TOPARYŇ MEJLISI

     Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň ýerine saýlawlary geçirmäge taýýarlyk meselelerine bagyşlanyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

     Mejlisiň gün tertibine öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmegiň meseleleri girizildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, milli parlamentiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar 2024-nji ýylyň 7-nji iýulyna, ýekşenbe gününe bellenildi. Merkezi saýlaw toparynyň agzalary saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge gönükdirilen çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de tassykladylar.

     Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, Türkmenistanda Saýlawlary we sala-salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kararyna laýyklykda, saýlaw möwsüminiň 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde başlanýandygy yglan edildi. 8-nji maý — 6-njy iýun aralygynda dalaşgärleri hödürlemek işi alnyp barlar. Olary hasaba almak bolsa 18-nji maý — 11-nji iýun aralygynda geçiriler.

     Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek babatda alnyp barylýan işler boýunça merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň maglumatlary diňlenildi. Demokratik ýörelgeleriň hereket edýän kanunçylyk namalarynyň we halk demokratiýasynyň ýüzýyllyklardan gaýdýan milli däpleriniň, saýlawçylaryň hem-de dalaşgärleriň deň hukuklarynyň, raýatlaryň erk-isleglerini erkin beýan etmeginiň üpjün edilmeginiň esasynda amala aşyrylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlaryň açyklyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

     Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde beýleki guramaçylyk meselelerine-de garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.

 

metbugat.gov.tm