TÄSIRLI GEÇEN SÖHBETDEŞLIK

     Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, şeýle hem «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda ýaýlyma hödürlenýän «Milli miras – nesillere görelde» atly gepleşiginiň nobatdaky sany ady agzalan muzeýiň binasynda ýazgy edildi. Gepleşigiň bu sanyna TMÝG-niň, muzeýiň hünärmenleri hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby gatnaşdylar.

     Türkmen nusgawy edebiýatynyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň döredijiligi, onuň şygyrlarynyň aýratynlygy, setirleriň many-mazmuny, degişli ylmy maglumatlar dogrusynda, şeýle hem ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şahyryň 300 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyklar barada buýsançly çykyşlar gepleşigiň esasy mazmunyny düzdi.

     Döredijilik bilen meşgullanýan talyp gyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap ýazan goşgularyny okap bermegi bolsa, söhbetdeşligiň täsirini has-da artdyrdy.

     Türkmen halkyny dünýä halklary bilen ylmy, edebi we ruhy tarapdan birleşdirýän akyldar şahyrymyzyň öwüt-ündewe eýlenen döredijiligini öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän, edebi mirasymyzyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri bolsa her bir çykyş edenleriň ýürek buýsanjy boldy.

 

Jemal SAPAROWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň bölüm redaktory.