Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň bilelikde gurnamaklarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmeniň milli mirasy we buýsanjy bedew» ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýurt baştutanlygynda türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýandygy, özüniň wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz-guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň il-günümiziň uçar ganatydygy, köňül buýsanjydygy, ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklarynyň nusgawy edebi eserlerimizde hem öz beýanyny tapýandygy, ata-babalarymyzyň öz kemala getiren bedewlerinde maksat-myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasyny görendikleri, türkmen bedewleriniň gadymy topragymyzyň gudratydygy, türkmen öý-ojagynyň ýaraşygydygy we bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdygy baradaky buýsançly çykyşlar diňlenildi.
Şeýle hem, çykyşlarda türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, idetmek, seýislemek, atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek, atçylyk däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda irginsiz alada edýän, behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly işlerinde we beýik başlangyçlarynda rowaçlyk arzuw etdiler.
Näzik ATAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.