Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi – belent maksatly ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýratyn nygatadylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eziz Diýarymyzyň sport abraýynyň Ýer ýüzünde has-da belende göterilmegi ugrunda durmuşa geçiren beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwrebap derejede, täze many-mazmun bilen dowam etdirilýär. Ynsanperwer ýörelgeleri ähli zatdan belentde goýýan, sport ýurdy hökmünde yglan edilen eziz Diýarymyzda adamyň jan saglygy hakyndaky alada hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyza, bagtyýar halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimli, sagdyn, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp, kemala getirmekde giň mümkinçilikleri döredýän we bu ugurda ýaşlara nusgalyk ýol-ýörelge bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Didar GELDIÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.