Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek, olary ylmy esasda öwrenmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Geçmişi şöhratly taryha beslenen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy bar. Durmuş tejribesi esasynda dörän gymmatlyklar kämilleşdirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şolaryň biri hem ahalteke bedewlerini seýislemek sungatydyr. Atçylyk, şeýle hem seýisçilik sungaty özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Halkymyz bedewini «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýip, maşgala agzasy deýin eý görýär Adamyň iň ýakyn dosty bolan atlary türkmen suratkeşleri, heýkeltaraşlary galyberse-de amaly-haşam sungatynyň ussatlary öz eserlerinde şekillendirip gelýärler.
Her ýylda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde at çapyşyklary, bedewleriň arasynda gözellik bäsleşikleri gurnalýar. Şol sanda, ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşik geçirilýär. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilip, hünärler boýunça iki ýüz togsan iki adam jemi üç ýüz kyrk iki iş bilen gatnaşdylar. Bäsleşige diňe bir bilim ojagymyzyň talyplary däl-de, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň, çagalar sungat mekdebiniň talyplary, erkin suratkeşler hem işjeň gatnaşdylar.
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini gutlamak dabarasy geçirildi.
Bu bäsleşige ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary we talyplary has işjeň gatnaşdylar. Olaryň arasynda «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Atahanow Arslan «Toýly gün» atly nakgaş eseri bilen, «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Soltanow Kerim «At gazanan goç ýigidiň, owwal bedew aty gerek» atly heýkel eseri bilen, «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň talyplary Annaýew Abraý «Milli mirasymyz» atly zergär eseri bilen we Ýolamanow Nurmuhammet «Behişdi bedewler» atly neşir önümi bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýlaryna mynasyp bolmagy başardylar. Şeýle hem, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Wepa Myşşyýew we Gurbangül Bekbaýewa dagylar haly we wideoşekilli eserleri bilen Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular. Ýaş mugallymyň we talyplaryň gazanan bu abraýly üstünligi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň abraýyny has-da belende göterdi. Zehinli mugallymy we talyp ýaşlary şa serpaýlary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys, sungat ýolunda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!
Serwi ESENOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.