Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň perzent terbiýelemekde toplan gymmatly tejribesi häzirki döwürde hem dowam etdirilýär. «Ene» diýen ajaýyp sözde ýylylyk, mähir, owadanlyk, üýtgeşik many bar. Mähriban zenanlarymyzyň mähirden doly kalplaryndan çykýan hüwdüleri bolsa çaga terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ol enäniň ýüreginde beslän päk arzuw-umytlarynyň owazy bolup, çaganyň kalbyna nur çaýýar. Maşgalada her bir ene öz çagasynyň ahlakly, akylly, edepli-terbiýeli, il-halkyna, Watanyna wepaly bolup ýetişmegini arzuwlap, şol arzuwlaryny hem hüwdüsine siňdirýär. Ene hüwdüsi – enelerimiziň mähir-muhabbetinden, perzendine bolan ýürek söýgüsinden dörän, zemin gözelligidir. Ene ýaly mähriban, wepaly, ynsan ýokdur. Onuň balasynyň üstünde kükregini, gerşini, jigerbendiniň her pursatda ýürek urgusyny duýup durşuny hiç zat bilen deňäp bolmaz. Eneler hüwdiniň üsti bilen çagasyny diňe ýatyrmak ýa-da güýmemek bilen çäklenmän, ýagşy arzuw-umytlar bilen ilkinji terbiýäni berip başlapdyrlar. Ene hüwdüsi! Ol enäniň ak süýt ýaly arassa päk ýüreginden dömüp, syzylyp çykýan mähir söýgüsidir, enäniň döreden ajaýyp aýdymydyr. Ene hüwdüsine üýtgeşik bir gudrat diýsegem öte geçdigimiz bolmaz. Ene kalp çuňlugyndan syzylyp çykýan mährini ähli perzentlerine deň siňdirýär. Ene-mamalarymyzyň öz perzendine bolan mähir duýgularyna ýugrulan hüwdülerde öňe sürülýän öwüt-ündewleriň, isleg-arzuwlaryň üsti bilen edermen, gaýratly, watançy ýigitler we asylly, edep-ekramly, çeper elli, maşgala ojagyna, söwer ýarlaryna wepaly gyzlar ýetişýärler. Hüwdüler ene ýüreginden dörän aýdym bolup, gyz uýalaryň dilinden hem aýdylypdyr. Hüwdüler çagany diňe sallançakda ýatyrylyp aýdylman, eneler çagany bagryna basyp, aýagyna salyp hem hüwdüleýärler. Halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, zenanlarymyza hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Amangözel EŞEROWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.