Hormatly Prezidentimiz parasatly pikirlerinde, çykyşlarynda, öňe sürýän halkara başlangyçlarynda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga, bu ugurda ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmaga we kanunçylygy berkitmäge ünsi çekýär.
Ekologik düşünje we tebigata söýgi ýaş çagalardan başlap kemala gelýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýe bermek, ýaş nesilleriň arasynda ekologik medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Çünki häzirki döwürde älem giňişliginde iň çylşyrymly meseleleri bilen öňe çykýan ekologiýa çuňňur öwrenilmegi, ähli meseleleri düýpli seljermegi we netijeli baş alyp çykarmagy talap edýär. Şeýle döwürde ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmek, akyl ýetirmek, ekologik nukdaýnazaryndan sowatly çemeleşmäni gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda ileri tutulýar. Çünki arassa tebigatymyz arkaly sagdyn ýaşaýyş nusgasyny kemala getirýäris. Bu bolsa, öz gezeginde halkyň jan saglygy üçin möhümdir.
Şeýle belent wezipäni amala aşyrmakda ýaşlaryň ekologik çärelere gatnaşmagyny üpjün etmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu ýyl hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda ählihalk ýowary geçirilip, ýaşlar hem bu asylly çärä işjeň gatnaşdylar. Geljekde ekilen baglar ösüp, boý alyp, ajaýyp bir gözelligi we iň esasysy, tebigatymyzyň howa sazlaşygynyň arassa ulgamyny döretmekde berk esas bolar. Şeýle ynsanperwer çärä gatnaşan her bir ýaş nesliň ýüreklerinde buýsanç bar. Çünki tebigat biziň öýümizdir, ýaşaýyş gurşawymyzdyr. Bu gurşawda özboluşly medeniýet kemala gelip, edil adamlaryň birek-birek bilen mähirli gatnaşyşy ýaly, adam bilen tebigatyň arasynda hem hormat goýmak, goramak we aýawly çemeleşmek ýaly ýörelgelere utgaşyp gidýän ekologik medeniýet kemala gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesi bilen, welosipedli ýörişleriň yzygiderli guralmagy ekologiýa abadançylygyny döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýörişe ulaglaryň sürüjileri bilen birlikde, ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi jemlenýär. Çäräniň geçirilýän wagty öz ulag serişdelerinden peýdalanmaýarlar, bu bolsa ekologiýa ýagdaýyna örän oňyn täsir edýär. Häzirki wagtda welosiped arassa ekologik ulag hasaplanýar we dünýäde ykrar edilip, her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde giňden dabaraly bellenilip geçilýär.
Diýarymyzyň tebigatyny goramak we baýlyklaryny aýawly hem-de rejeli ulanmak barada kanunçylygy berkitmek boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Hususan-da, “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň ähmiýeti juda uludyr. Ýaşlara berilýän ekologik bilimleriň hatarynda kanunçylyk we medeniýet düşünjeleriniň baglanyşygyny döretmek bu ugurdaky bilimleriň artmagyna kuwwatly binýat bolup durýar.
Daşky gurşawy goramak ählumumy meseledir. Halkara derejede uly üns-alada bilen gurşalan bu meseläniň iň ygtybarly çözgüdi bolsa, her bir ýurduň öz gezeginde, her bir raýatyň öz gezeginde daşky gurşawa mähirli garamagydyr, goramagydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlarynda daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Taryha nazar aýlasak, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, şeýle hem bu abraýly guramanyň geçiren durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda eden çykyşlarynda oňyn başlangyçlary öňe sürdi we dessinede mynasyp goldawa eýe boldy. Bu başlangyçlaryň özeninde diňe bir halkymyzyň däl, bütin adamzadyň oňyn ýaşaýşynyň hatyrasyna ähli oňyn maksatlara gönükdirilendigini buýsanç bilen bellemelidiris.
Ekologik medeniýetiň ýokarlandyrylmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys, döwletli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.