Şu gün “Çynar” myhmanhanasynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň, halypa ýazyjy-şahyrlaryň, - şeýle hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda çaý başynda şygryýet agşamy geçirildi.
Şygryýet agşamynda edebiýatsöýüji ýaşlar özara pikir alyşdylar we öz döreden goşgularyny okap berdiler. Işjeň häsiýete eýe bolan şygryýet agşamy oňa gatnaşan ýaşlar üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň özara dostlaşmagyna, tejribe alyşmagyna mümkinçilik döretdi. Täsirli geçen duşuşykda halypalar döredijilige höwesli ýaşlar bilen öz tejribelerini paýlaşdylar, gymmatly maslahatlaryny berdiler.