«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soňra, halypa ýazyjy-şahyrlar hem-de ýaş žurnalistlerdir şahyrlar Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyna baryp gördüler.
Günüň ikinji ýarymynda Gerkez obasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde guralan konsert, sergiler, döredijilik duşuşyklary ýaşlara ýatdan çykmajak täsirli pursatlary bagyş edip, olary täze-täze dörediijilik gözleglerine ruhlandyrdy.
Çäreleriň dowamynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän muzeýe gezelenç dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Muzeýdäki gymmatlyklar, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň gyz dogany Zübeýda üçin Hindistandan sowgat getiren çäýnegi hem-de Meňli gyza niýetlän ýüzügi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Muzeýe gurnalan täsirli gezelençden soňra sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.
Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda gurnalan baý mazmunly çäreler tamamlanandan soň, döredijilik saparyna gatnaşyjylar etrabyň taryhy we tebigy gözel ýerlerini synladylar.
Ýakymly täsirlere baý bolan çärelere gatnaşanlar zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, şunuň ýaly döredijilik bäsleşiklerini geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.