Golaýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň çäklerinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. «Altyn asyr» teleýaýlymyna ýazgy edilen söhbetdeşligiň esasy mazmuny Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň baý mazmuny we ony wagyz etmekde durmuşa geçirilýän meýilnamalar düzdi. Çärä gatnaşyjylar bu ugurda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň alyp barýan işleri dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler.
Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanýan üstünliklerimizi, ata Watanymyzy, döwrümizi, akyldar şahyr Magtymguly Pyragyny wasp edip okap beren goşgulary söhbetdeşligiň täsirini has-da artdyrdy.
Magtymguly Pyragynyň ösüp-ulalan topragyna zyýarat etmek, bu ýerdäki täsinlikleri synlamak ýaşlarda özboluşly täsir galdyrdy. Akyldar şahyryň aýak basan topraklary ýaş döredijilik işgärleri üçin ylham çeşmesidir. Şeýle mukaddes mesgende dana şahyryň waspyny etmek biziň buýsanjymyzy has-da goşalandyrdy.
Çärä gatnaşanlar öz çykyşlarynda ýaşlara ähli ugurlarda özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, Magtymguly Pyragynyň sarpasyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gurban MYRADOW,
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň jogapkär kätibi.