MAGTYMGULY PYRAGY – KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY

     Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Magtymguly Pyragy – köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlarda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bolan söýgüni döretmek maksady bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşigine gatnaşan mekdep okuwçylar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli aýratynlyklaryny hekaýadyr, liriki oýlanma we düzme ýazmak arkaly çeper beýan etmek arkaly bäsleşdiler.

     «Magtymguly Pyragy – köňülleriň çyragy» atly geçirilen bäsleşikde öz deň-duşlaryndan has-da tapawutlanyp, ýeňiji bolan zehinli çagalara, şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyryna işjeň gatnaşanlara bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlardyr hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Näzik ATAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.