Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Magtymguly — geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň beýik häsiýetlerini, asyllylyk, ynsaplylyk, ýokary ahlaklylyk, watansöýüjilik, halallyk, mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän ýaş nesilleri kemala getirmek döwrümiziň möhüm meselesi hökmünde garalýar. Hut şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde anyk wezipeler goýulýar. Beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ömür ýoly bolsa ýaşlar üçin nusgalyk ýol saýylýar.
Halkymyz özüniň hem-de ýaş nesilleriniň ahlagyny türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky öwüt-ündewlere laýyk terbiýelemäge çalyşýar. Bu bolsa halkymyzy milli terbiýä ýugurýar. Milli terbiýä ýugrulmak bolsa beýik adamkärçilik sypatlaryny güýçlendirip, kämil şahsyýetleriň döremegine getirýär.
«Magtymguly hem taryhdyr, hem hakykatdyr»
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pelsepä ýugrulan bu dürdäne setirlerinde beýan edilýän pikirde uly many bar. Türkmeniň taryhyny, dilini, dinini, ahlak sypatlaryny, beýik häsiýetlerini döredijiliginde wasp edip, geljekki nesillere ýetirmekde, türkmeni türkmen hökmünde dünýä halklaryna tanatmakda Magtymguly Pyragy beýik eserleri bilen ussatlyk görkezen şahyrdyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp eserinde: «Biziň bu günki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi gurmagymyzyň we barha beýgeltmegimiziň esasynda geçmişdäki beýik türkmen döwletleriniň taýsyz tejribesi, beýik türkmen soltanlarynyň ganymyzda aýlanýan, ruhuňy joşduryjy güýç-kuwwaty, Magtymguly ýaly akyldarlarymyzyň, alym-ulamalarymyzyň parasaty durandyr» diýip buýsanç bilen belleýär.
Şahyra ykbal gerek, terjimehal gerek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň ykbaly galkynýar, terjimehaly taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynyň halkymyza gowuşmagy bolsa şahyryň döredijilik dünýäsine ýagty nur çaýdy.
Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikire-küýüne,
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.
Gahryman Arkadagymyzyň goşgy setirlerinde belleýşi ýaly, şahyryň döredijiligi, ömür ýoly has-da giňden öwrenilip, onuň adynyň we döredijiliginiň ebedileşdirilmegi boýunça uly işler amala aşyrylýar. Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bu babatdaky alnyp barylýan işleriň guwandyryjy miweleriniň biridir. Ýurdumyzyň çar künjeginde şahyryň heýkelleriniň oturdylmagy, milli manadymyzda şekiliniň ýerleşdirilmegi, «Magtymguly Pyragy» medalynyň döredilmegi, birnäçe binalara, şa ýollaryna, orta, ýokary okuw mekdeplerine şahyryň adynyň dakylmagy hem akyldaryň eden ýagşy sahawatlaryna goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň ýokary derejede toýlanylmagy, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek meýilnamalaýyn işler akyldar şahyryň döredijiliginiň mundan beýläk-de has-da uly ähmiýete eýe boljakdygyny we geljek nesillere miras galjakdygyny aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz
«Ýürekden çykan söz ýürege barar» diýlişi ýaly, il-halky, bütin adamzat üçin tüýs ýürekden beýan eden ajaýyp eserleri şahyryň ebedi ýaşamagyna sebäp boldy. Doglanyna 3 asyr geçendigine garamazdan Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi. Çünki şahyryň döredijiligine halkymyza bolan çuňňur söýgi siňen, mizemez ynam siňen. Muny aňryýany bilen duýýan bagşy-sazandalarymyz, şahandaz halkymyz şahyryň:
«Pyragy, yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm,
Hor bolmasyn puştdan-puşdum,
Berkarar döwlet islärin»
diýen setirlerini aýdym edip, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bir saçagyň başyna jemlenip, şahyryň şanyna uly toýlary toýlaýar.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.