HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZ — SEBITDE WE DÜNÝÄDE ASUDALYGY WE PARAHATLYGY GORAP SAKLAMAGYŇ MÖHÜM GURALY

Dürli döwletler tagallalary birikdirip, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek ýaly möhüm wezipäni amal etmäge gönükýärler. Bu maksatlary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmakda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze gurallary teklip edip, olary durmuşa geçirmekde işjeňlik we görelde görkezýär. Döwletimiz halkara guramalary, dünýäniň ahli ýurtlary bilen bu ugurda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, netijeli gatnaşyklary berkitmäge mydama taýýardygyny we açykdygyny görkezýär.

Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýär. Döwletimiz üstüne alan halkara borçnamalaryna hemişe oýlanyşykly we jogapkärçilikli çemeleşýär. Beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, çäk bütewüligine hormat goýmak, özara bähbitli gatnaşyklar babatda başlangyçlary öňe sürmek we goldamak, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga ymtylmak, ýüze çykýan meseleleri diplomatik ýollar arkaly çözmek ýurdumyzyň parahatçylykdöredijilikli tagallalarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şol sebäpli hem ýurdumyzyň çägi döwletler üçin netijeli dialog geçirmäge, ýüze çykýan meseleleriň parahatçylykly çözgüdini tapmaga şert döredýän möhüm meýdança öwrülýär. Üstümizdäki ýylda hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belleýän Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ösüşleri, goý, gün-günden güllesin. Ýurdumyzy ösüşler ýoly bilen öňe ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar