BITARAPLYK — BAKY BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gözbaş alýan umumadamzat ähmiýetli işler has-da rowaçlyklara beslenýär, dünýäde parahatçylyk, halklaryň we ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň mundan 30 ýyl ozal hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy bilen türkmen halkymyzyň parahatçylyk, abadanlyk barada isleg-arzuwlary myrat tapdy. Türkmen halkymyzyň tutuş kalby ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli syýasatynda, Bitaraplyk taglymaty arkaly durmuşa geçirýän ynsanperwerlige, sahawata ýugrulan beýik işlerinde şöhlelenýär.

Hemişelik Bitaraplygymyz bilen geçilen 30 ýyllyk ýol özünde dünýäniň asudalygyna, halklaryň parahatlygyna ýugrulan beýik işleri jemleýär. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk taglymatynda, ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli syýasatynda dünýäniň asuda geljegine, halklaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik maksatlar bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan, öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan gözbaş alan beýik maksatlar bu gün dünýäde parahatçylygyň pugtalanmagyna, asudalygyň dabaralanmagyna, dost-doganlygyň berkemegine giň ýol açýar.

Tutuş adamzadyň, giň dünýäniň bagtly geljegi, nurana ýaşaýşy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Döwran NOWRUZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2025 | 300 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

10 Noýabr 2025 | 253 okalan

PARAHATÇYLYK — DOST-DOGANLYK AÝDYMY