PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

Adyň dillerde dessan, ýüreklerde joşgundyr,

Bagşylar bilbil bolup aýdym aýdyp joşandyr,

Şahyrlar seň şanyňa ençe şygyr goşandyr,

Buýsandyryp türkmeni, bolup köňül kelamy,

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Bu mukaddes toprakda gezen ýerleriň bardyr,

Agzybirlik jebislik bu gün türkmene ýardyr,

Her döreden eserňe egsilmez hormat gadyr

Goýup okan ynsanlar ýakyn etdi yragy,

Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Arzuwlaýşyň deý türkmen, bir suprada jem bu gün,

Bir döwlet bir il boldy, arasynda ýok düwün,

Arkadag paýhasyndan galkynýandyr her göwün,

Şygryýetiň soltany, zybanlaryň senasy,

Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

 

Türkmen ilim toýlaýar, 300 – ýyllyk toýuňy,

Görmedik biz dünýäde seniň deňi-taýyňy,

Sen ýerdäki bir umman, Asmanyň täk Aýymy?

Poeziýanyň ýyldyzy – hiç öçmejek çyragy,

Pähim – paýhas ummany, Magtymguly Pyragy.

 

 

Çynar AZADOWA,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER