MAGTYMGULYNYŇ LIRIKASYNDA RYSGAL TESWIRI

       Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda ýurt, sebit we dünýä derejesinde ahlak, durmuş, edebi, taryhy miraslaryň dürdäneleri barada gymmatly maglumatlaryň, şahyrana çözgütleriň, milli, halkara folklor tymsallaryň,  jemgyýetçilik hakykatlaryň, peýzaž nusgalarynyň we simwoliki aňlatmalaryň, baýlyklaryň    uly toplumy duş gelýär. Türkmen poeziýa sungatynda edebi diliň rowaçlyklara beslenilen täze basgançaklar bilen kämilleşmegine uly badalga beren akyldaryň lirikasy rysgal sözi bilen bagly çeper söz gorlarynyň uly harmanyny emele getirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri,  Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden syzylyp çykan, «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda:«Magtymguly – türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy» diýen, parasatly jümleleri halallyk, rysgal, ynsanperwerlik, zähmet medeniýeti we jemgyýetçilik ahlagynda Magtymguly Pyragynyň edebi eserleriniň tutýan ornuna, gymmatyna we ähmiýetine berilen mynasyp pelsepewi bahadyr. Ussadyň rysgal bilen bagly şahyrana setirleri, çeper matlaby, mazmun galyby, stilistik sakasy halk döredijiliginden, ähli döwürlerde gazanylan ylmy galkynyşlary we durmuşy kämil bilmek, ussatlyk bilen özleşdirmek başarnygynyň beýikliginden, zehiniň we joşgunly parasatly pikirlenme ukyplylygyndan alyp gaýdýar. Orta asyr şahyrana lirikada, çeper eserlerde we gözbaşyny ençeme asyrlardan alyp gaýdýan folklor döredijilik miraslarynda ynsanyň rysgal çeşmesi ömürlere örklenilen bagt çapary, mertebeli ykbal, sagadat, hormat, ynsanperwerlik, asyllylyk,  wepalylyk, adamkärçilik, sahawatlyk, päklik, hulkuň buşlukçysy, jogapkärçilik, Taňrynyň mübärek peşgeşi, Hak hazynasynyň jemaly, hojalygyň horjuny, ynsan süňňüniň nury, ýazgydy    ýaly çeper aňlatmalarda, meňzetmelerde, şahyrana tymsallarda duş gelýär. Rysgal sözi  akyldaryň döredijiliginde medeniýetiň gözbaşy, hikmetli iman gözelligi, agzybirlik, halal zähmetiň kepili, jemgyýetiň ynsap ölçegi, dünýä abadançylygynyň ilkinji terbiýe mekdebi, ynsabyň gönezligi, jebislik, adalatlylyk, bagtyýar durmuş, agzybirlik, asudalyk, deňlik, erkinlik, azatlyk baradaky mukaddes senasy hökmündäki many gurşawlarynda arşa galdyrylýar. Rysgal  bilen bagly durmuş hakykatlaryny çeper şöhlelendirmekde ussadyň ylhamly setirleri simwolik obrazlara, meňzetmelere, salgylanmalara, mistiki poeziýanyň dürdäneleri bilen utgaşýan gymmatlyklara we dürli edebi maşklaryň basgançaklary, hadysalary, häsiýetli sypatlary bilen bagly täze  çeperçilik çözgütlere, tilsimlere baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Ynsan kalplaryna häkimlik edýän danyşmendiň eserlerinde rysgal sözi arap dilinde köplük sany aňladýan «rysk» atly leksik galyply görnüşde teswirlenýär. Pähimdaryň poeziýasynda we çeper diliniň stilistikasynda rysgallylygyň baş sütüni – saglyk, zähmet, wyždan arassalygy, dogruçyllyk, döwletlilik, nan, kanagat, takwalyk merhemedi, türkanalyk, rahatlyk mürewweti, nebis leşgerlerini ýeňmek, sahylyk, durnuklylyk, jomartlyk hümmeti, tebigatyň baýlyklary    ýaly mukaddeslikler, şahsyýetiň Watanyň, halkyň, jemgyýetiň öňündäki borjuny abraý bilen berjaý etmegi we olardan kanagatlanmagy, köpsanly hünärleri, ylymlary öwrenmek ýaly    gündelik durmuşyň sungat amallary, şahsyýetiň gujurly, berdaşly, işewür, ruhlanma  gözellikleri, manyly ýaşaýşyň özeni, ezizlenýän, gadyrly berekediň altyn bosagasy, toý-baýramlaryň sakasy hökmünde täsin çeperçilik öwüşginlerde, köptaraply keşplerde dabaralanýar. Dananyň, «Bu işi», «,Ar bile’», «Myhmanydyr», «Gerekdir», «Zaleti gerekdir», «Iglärler», «Göçer sen», «Aýrylma», «Ýat ýagşy», «Islärin», «Mätäç eýleme», «Baş ýagşy», «Özüňden» ýaly eserlerinde (jemi 25-den gowrak goşgularynda) rysgalyň sabyr, kanagat, şükür, halallyk, düşbülik bilen bagly jübütligi, umumy we bitewi ýörelgeleri ynandyryjylykly, täsir edişiň gyzykly, çalt ýatda galyjy nusgalarynda, tebigat kanunlaryna, jemgyýetçilik ösüşlerine, durmuş rowaçlyklaryna ylmy taýdan akyl ýetirmegiň medeniýetiniň we  bahalandyryş ölçegleriniň gymmatyny kesgitleýän usullarda giňden açylyp görkezilýär. Söz mülküniň şasy Magtymguly Pyragynyň «Zor bolar», «Ajap eýýam gelmedi», «Göçer sen», «Ýat ýagşy», «Parhy kimdedir», «Aty gerek», «Iş bolmaz» atly şygyrlarynda, «Öz ryskyna hiç kanagat etmeýen, Gözün diker, kişi aşyna zar bolar», «Niýeti ýamandyr, bahyl mal ýygar, Iýe bilemez, her dem rysgalyn bogar», «Ajal otdur, ten myltykdyr, jan gülle, Rysk därige ataş düşse, göçer sen», «Hazynaňdan bergil meniň ryzkymy», «Taňry giň eýlese bende köňlüni, Ryzk agzyna girer tutsaň elini», «Olar kimdir-aglar gezer, şat olmaz, Nirde söhbet gurar, ryzky kimdedir?», «Halal rysk ber, kesp bildir», «Geljek ryska gam iýmen», «Ryskyny maksum edip, taýýar eden rebbim jelil», «Ryskym arap gezer men, Çöl beýewan içinde», «Ryskyňa kepildir alla mukatder», «Barçanyň ryskyna özüň sen kepil», «Rysk bir mukatderdyr şahu-gedaga»,  «Ryzk üçin gam iýme, haka zikr eýle» diýen setirleri ynsanyň ykbaly bilen bagry badaşan  rysgal sözüniň mistiki häsiýetleri, ýyllaryň şejeresinde tutup gelýän orny, dünýewi gurluşy we durmuş esaslary kuwwatly poeziýanyň söz merjenleri, tämiz, kämil  hasyllary arkaly giňden baglanyşdyrylyp görkezilýär. Döredijiliginde rysgal teswiriniň jadyly we syrly dünýälerini döredijilik dünýäsiniň hyjuwly duýgulary, köpugurly žanr, stil, tematik we kompozision gurluşly gymmatlyklary bilen umumyhalk edebi dilinde yhlasly gözýetimler, çuňňur nazarlar bilen wasp edýän Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy rysgal binýadynda halallygyň didar küýsegini, dilber teşneligini, nyýaz edilen didelerini, hakykatlara öwrülen hakydalary, nygmat ýadygärlikleriniň kyssalaryny, eşrete beslenen abadançylygyň güýjüni, raýdaşlygyň maddy bolçulygyny görüpdir.

 

Dädebaý PÄLWANOW,

Daşoguz welaýatynyň Görogly

etrap häkimliginiň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER