ŞAHYRYŇ DÖREDIJILIGINDE TEBIGATYŇ WASPY

       Türkmen halkynyň ýürek sesini bütin dünýäde ýaňlandyran ähli döwürleriň şahyry dana Magtymguly Pyragy adamzady gurşap alýan daşky gurşawyň, tebigy hadysalaryň kanunalaýyklygyny öz şygyrlarynda gysgadan, täsirli beýan edýär. Şahyr durmuşy meseleleriň çözgüdini görkezişi ýaly tebigy ylymlaryň ýumagyny-da çözleýär. Hut şu nukdaýnazardan hem gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy barada söz açylanda tutuş ynsanyýetiň aňynda müdimilik orun alan «Türkmeniň» goşgusy biygtyýar sere dolanýar.

       «Jeýhun bilen bahry Hazar arasy,

       Çöl üstünden öwser ýeli türkmeniň.

       Gül-gunçasy gara gözüm garasy,

       Gara dagdan iner sili türkmeniň»

       Tebigat adamyň durmuşy we döredijilik ýoly hasaplanýar. Şahyr hem goşgularynyň ençemesinde dünýäniň gurluşy, janly tebigatyň özgerişi barada yzygiderli pikir ýöredýär. Şahyr «Köňül joşgundadyr» şygrynda:

       «Üç essesi däli derýa,

       Bir ýerde müň gowga,

       Kim biler bu köne dünýe

       Ýa Rep niçe ýaşyndadyr» - diýmek bilen Ýer ýüzüniň dörtden üç böleginiň suw, galan bölegini düzlükleriň daglyklaryň tutýandygyny belleýär. Ruhy atamyz özüniň «Ykbal bolmaly» şygrynda ýerasty baýlyk nebit barada şeýle setirleri ýazýar:

       «Magtymguly, haýran her ýana bakar

       Bu ne gudrat işdir suwdan ot çykar?!»

       Beýik söz ussadynyň:

       «Aýlanar gyş geçer, ýaz tomus, güýz hem,

       Top getirmez oňa dag, deňiz duz hem.

       Ýa-da:

       «Daglar bardyr, daşlar bardyr,

       Ýazlar bardyr, gyşlar bardyr» ýaly setirlerinde bolsa pasyllaryň aýlanyşygy suratlandyrylýar.

       Himiýa dersi hem tebigy hadysalaryň ýüze çykyşyna, beýleki hadysalar bilen baglanyşygyna degişli maglumatlary özünde jemleýär. Bu hadysalar öwrenilende Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan peýdalanmak we şahyryň goşgularynda beýan edilýän tebigy hadysalara häzirkizaman himiýa ylmynyň nukdaýnazaryndan düşündiriş bermek okuw işine milli mazmun bermäge, öwrenilýän maglumatlary amalyýet bilen baglanyşdyrmaga ýardam edýär. Sapakda şahyryň goşgularyndan peýdalanmak dersara baglanyşygyny ýola goýmaga we nazaryýeti amalyýet bilen baglanyşdyryp öwretmäge ýardam edýär.

       Bilşimiz ýaly, şahyryň döredijilik dünýäsi bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Ol türkmen halkynyň müňýyllyklary arka atan gojaman taryhyny özboluşly janlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz ylmyň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen röwşen manyly sözlerinden ugur alyp, biz — ýaş mugallymlar ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmegine öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Bize döredijilikli zähmet çekip, bilimli nesilleri terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

 

Aýnabat ORUNOWA,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky

32-nji orta mekdebiniň mugallymy, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER