MAGTYMGULY PYRAGY – BEÝIK PIKIRLERIŇ WE SAGDYN DÜŞÜNJELERIŇ EÝESI

      Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserinde «Beýik pikirler we sagdyn düşünjeler hemmeleri bir maksada ugrukdyrýar» diýip belleýär. Gysga jümlede juda jaýdar aýdylan bu pikir nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, edebiýat äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi babatynda aýtsak hem ýerlikli bolsa gerek. Çünki beýik söz ussadynyň döreden ajaýyp eserleri, ondaky beýik pikirler we sagdyn düşünjeler muny aýtmaga doly esas berýär. Muny diňe biziň halkymyz däl, eýsem, dünýä halklary hem tüýs ýürekden ykrar edýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary döwletlerde duşuşyklaryň, forumlaryň, şol sanda bu guramanyň gatnaşmagynda çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi şahyryň şahsyýetine we döredijiligine berilýän mynasyp bahadyr. 

      Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynyň halkymyza gowuşmagy şahyryň döredijiliginde beýan edilýän hakykatyň umumadamzat bähbidini araýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Netijede Magtymgulynyň şahyrana döredijiligi dünýäniň ähli künjeginde ýaşaýan adamlaryň ýüreginde düşünişmegi we hoşniýetliligi oýarýar.

      Akyldaryň şygyrlary kämil jemgyýeti döretmäge, ynsanperwerligi öňe sürmäge gönükdirilendir. Şol sebäpden häzirki wagtda Berkarar döwleti ruhy taýdan binýat eden Magtymgulynyň edebi mirasyny düýpli öwrenmek, ondaky many-mazmun baýlygy ylmy esasda seljermek, şygyrlaryndaky öwüt-ündewleri, beýik ahlak häsiýetleri ösüp gelýän ýaş nesle öwretmek babatda uly işler alnyp barylýar.

      Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,

      Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy.

 

      Terki dünýä eýleýir, gelse rakyp gaşyna,

      Bil, polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy.

       – diýip, türkmeniň mertebesini, abraýyny, döwletini, şanyny-şöhratyny özüniň eserlerinde buýsançly beýan eden şahsyýetiň eserleri öwrenilmäge mynasyp.

      «Magtymguly hem taryhdyr, hem hakykatdyr» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmeniň taryhyny, şu gününi, ertirini öwrenmekde şahyryň döredijiligi esasy gollanma hökmünde ulanylýar we dana şahyryň döredijiligini we şahsyýetini doly açmak hem-de geljekki nesillere ýadygär goýmak boýunça uly işler amal edilýär.

      Biz ýaşlara bolsa döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, halal zähmetimiz, kämil bilimimiz, irginsiz yhlasymyz bilen Watanymyzyň abraý-mertebesini ýokarlandyrmak, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we geljekki nesillere doly ýetirmek üçin üstünlikli zähmet çekäýmek galýar. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, halkymyz, Watanymyz, Döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy – zehinlerimize ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER