BEÝIK AKYLDARA GOÝULÝAN BELENT SARPA

       Beýik akyldara «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip ýokary baha berýän alym Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen edebi mirasymyz we Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenilýär. Şeýle uly hormatyň netijesinde şahyryň sarpasy öňküden-de belende galýar.

       Häzirki wagtda akyldara bagyşlanyp halkara derejesinde ylmy-amaly maslahatlardyr duşuşyklar yzgiderli geçirilýär. Halkara derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralarynyň goşulmagy ugrundaky tagallalar, TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizilmegi, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlardyr forumlar aýdylanlary doly tassyklaýar.

       Döredijilik adamlary tarapyndan şahyra bagyşlanyp ylmy makalalaryň, çeper eserleriň ençemesi ýazyldy. 2023-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzda halypa hem-de kalby ylhamly ýaş şahyrlaryň Magtymguly Pyraga we onuň döredijiligine bagyşlanan «Magtymgula Tagzym» atly täze goşgular ýygyndysy çapdan çykdy.

       Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly çeper-filosofik goşgusy bagtyýar halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly serpaý boldy. Beýik Pyragyny wasp edýän bu ajaýyp goşgyny okanyňda Milli Liderimiziň Magtymguly Pyraga hormat-sarpasynyň çäksizdigine we şahyryň baý mazmunly, gymmaty hiç egsilmejek döredijiligine belent sarpa goýýandygyna göz ýetirmek bolýar. Halkyň hormatyny aňladýan heýkele öwrülip, Köpetdagyň etegindäki belentlikde örboýuna galan, beýik şahyryň waspy Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana setirlerinde şeýle wasp edilýär:

Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymgulydyr,

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

       Gahryman Arkadagymyzyň çeperçilik serişdeleriniň, edebi tärleriň hyzmatyndan ussatlyk bilen peýdalanyp, ussatlyk bilen akyldar şahyryň waspyny ýetirýär. Eseriň täsir edijilik derejesini artdyrýan, okyjynyň duýgularyny tämizläp, pikirlerini has-da baýlaşdyrýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygyr bir tarapdan, nusgawy däbiň ýörelgelerine eýerýän bolsa, beýleki bir tarapdan, akyldar şahyryň çeper keşbini, beýik taglymatlaryny täze röwüşde okyjynyň aňyna ýetirýär. Şygryň edebi-filosofik pikir-garaýyşlara ýugrulan setirleriniň many-maňzyny okyjy tutuş çuňlugy bilen aňyna siňdirip bilýär. Bu bolsa eseriň sadadan çeper, ýönekeý okyja-da düşnükli dilde ussatlyk bilen ýazylandygyny görkezýär.

       Ýeri gelende bellesek, hut şeýle eserler okyja hakyky ruhy lezzet berip, edebiýatyň esasy talabyny dolulygyna ödeýär. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew häsiýetli pikirlerini, göwün ýüwürtmelerini, arzuw-isleglerini we olaryň ähmiýetini, wysal bolşuny çugdamlap, şu şygryna siňdiripdir. Bu bolsa Milli Liderimiziň beýik şahsyýetiň ylmy-nazary garaýyşlaryna aýratyn orun we ähmiýet berýändigini görkezýär.

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER