«DAG OGLY, DAG ŞIRI MAGTYMGULY SEN»

      Sözüň güýji bilen taryhyň gatlaryna adyny müdimilik ýazan Magtymguly Pyragynyň sarpasy bu gün arşyň deňine ýetdi. Dana atamyzyň bize miras galdyran baý edebi hazynasy üç asyry arka atsa-da özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmän gelýär. Akyldar şahyryň dürdäne setirleri ýürekleriň töründe mynasyp orun aldy. Doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň döredijiligini has içgin öwrenmek we ony wagyz etmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda dürli baýramçylyk çäreleri, ylmy-amaly maslahatlar we döredijilik bäsleşikleri yzygideri geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Nesil» gazetiniň bilelikde şanly ýylda akyldar şahyryň sarpasyny has-da belende galdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan eden «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigidir. Ýylyň-ýylyna ýokary guramaçylykly geçirilýän bu bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň däp bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň ösüp-ulalan, nazary düşen topragynda geçirilmeginiň özboluşly manysy bar. Akyldar şahyryň aýak basan topraklary döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň ylhamyny has-da ganatlandyrýar.

      Dabaranyň çäklerinde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky we Gerkez obasyndaky Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän muzeýlere guralan gezelençler kalby ylhamly ýaşlarda özboluşly täsir galdyrdy.

      Muzeýdäki gymmatlyklary, hususan-da, akyldar şahyryň golýazmalaryny, Magtymguly Pyragynyň gyz dogany Zübeýda üçin Hindistandan sowgat getiren çäýnegini hem-de Meňli gyza niýetlän ýüzügini synlamak ýatda galyjy pursatlara beslendi.

      Magtymguly Pyragyny gören daglaryň goýnunda mesgen tutan sergin howaly Gerkez obasynda guralan baýramçylyk konsertindäki folklor çykyşlarda akyldar şahyryň waspy belentde ýaňlandy.

      Şeýle ajaýyp zamanada Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmäge we ony giňden wagyz etmäge uly mümkinçilikleriň döredilmegi, akyldar şahyryň dogduk mekanyna gezelençleriň guralmagy biz ýaşlaryň ýüreklerimizi joşa getirýär.

      Söz älemniň ägirdi Magtymguly Pyragynyň adyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we dünýä ýaýmak ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER