Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenip geçilmegi onuň hormatynyň dünýä çykarylyp, halkyň baýlygyna öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Akyl dürüniň egsilmez hazynasy bolan Magtymguly Pyragy türkmen saz sungatynyň taryhyna-da ady baky ornaşan şahyrdyr. Onuň ady, şahyrana owazy daglardan eşidilýän ýaň ýaly bolup, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň we owazyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem tutuş bir milletiň – türkmeniň at-owazasyny, abraýyny belende galdyrandygy bilen häsiýetlidir.
Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Pyragynyň goşgularyna bagyşlanan dürli žanrlardaky ululy-kiçili eserler örän kändir. Bu eserlerde heň bilen mazmun bir perdeden gopup, ikisi hem bir daragt deý örboýuna galýar. Kompozitor Aşyr Kulyýew döredijilige ilkinji gadam basan ýyllarynda Magtymgulynyň «Depe nedir, düz nedir» diýen goşgusyna ýüzlenip, goşgy setirlerindäki gahrymançylykly häsiýeti örän göwnejaý teswirlemegi başarypdyr. Kompozitor ruhubelentlik öwüşgini dolulyga berlen eserinde ýöriş heňine mahsus käbir alamatlary peýdalanýar. Aýdymyň dowamynda aýal hem-de erkek sesleriň sazlaşykly arabaglanyşygy milli esasda ösdürilýär, eser liriki-dramatik häsiýetde ýaňlanýar.
Şeýle-de halypa kompozitor Pyragynyň «Aýryldym» diýen goşgusyna adybir aýdym döredýär. Bu goşgy başga-da ençeme kompozitorlaryň ünsüni özüne çekýär. Meşhur kompozitorlar Daňatar Öwezow, Nury Muhadow, Aman Agajykow dagy hem şeýle adybir aýdymlary döredipdirler. Şolaryň ählisi-de ýerine ýetirijileriň arzyly aýdymyna öwrülip, şu günki güne çenli aýdylyp gelinýär. Aşyr Kulyýewiň «Magtymguly» simfoniki poemasy we Weli Muhadowyň «Magtymgulynyň ýadygärligine» atly birinji simfoniýasy örän ähmiýetli eser bolup durýar.
Ajaýyp türkmen şahyrynyň watansöýüjiligi, ruhubelentligi, köp sanly goşgularynyň lirikasy kompozitorlaryň saz eserleriniň mazmunyny kesgitläpdir. Kompozitor Weli Ahmedowyň ýazan eserlerinden Magtymgulynyň «Sil biläni», «Gözüm düşdi», «Türkmeniň» ýaly goşgularyna ýazylan aýdymlar aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Kompozitor Daňatar Öwezowyň bolsa «Gözlär men», «Aýryldym» ýaly dürli sesler üçin niýetlenen aýdymdyr romanslary diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Kompozitoryň Pyragynyň «Meňli han» diýen goşgusy esasynda döreden eseri örän aýdyň hem düşnüklidir.
Magtymgulynyň goşgulary diňe bir türkmen kompozitorlarynyň däl, eýsem daşary ýurtlaryň kompozitorlarynyň hem döredijiliginde mynasyp orun tapýar. Moskwadan gelen kompozitor Adrian Şapoşnikow Pyragynyň şygyrlarynyň çyn aşygy bolupdyr. Ol şygyrlardan diňe bir okap lezzet alman, olara saz hem döredipdir. Şolardan «Dogrusy» diýen aýdymyň heňi milli öwüşgine diýseň baý we sazlaşygy ýönekeýdir.
Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyna bolan garaýşy «Ozan geler» atly şygrynda bütin aýdyňlygy we dolulygy bilen berlipdir. Wenger alymy Wamberi hem öz «Orta Aziýa syýahat» atly kitabynda «Türkmen halky üçin baryp ýatan lezzet bagşynyň gelmegidir we onuň tamdyra çalyp, Göroglynyň ýa-da elýetmez şaha hasaplanýan Magtymgulynyň aýdymyny aýtmagydyr....» diýip belleýär.
Magtymgulynyň eserleriniň halk bagşylarynyň repertuarlarynda düýpli orun almaklary ol eserleriň halk durmuşyna ýakynlygy, halkyň oý-pikirlerini, arzuw-hyýallaryny ynandyryjylyk bilen beýan edýänligi bilen baglydyr. Şeýle-de olar sada halk dilinde ýazylanlygy, formasynyň çeperligi we mazmunynyň baýlygy, çuňňurlygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçinem ol eserler türkmen halkynyň Şükür bagşy, Kel bagşy, Garadäli Gökleň we beýleki meşhur bagşy-sazandalary tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Häzirki döwürde bolsa döwürdeş bagşylarymyzyň hem uly joşgun bilen ýerine ýetirýän aýdymlaryna öwrüldi.
Magtymgulynyň ýokary çeperçilik bilen ýazylan «Gözel sen» atly eserini Hally bagşy öz şägirtleriniň kämillik derejesini synlamak üçin aýtdyrypdyr. Onuň şägirdi Sahy Jepbarowyň «Teşnit» atly halk aýdymyny aýdanynda, Magtymgulynyň edebi mirasyndaky goşgy setirlerini sanamagy beýik söz ussadynyň poeziýa setirleriniň halk aýdymlaryna gatyşyp gidendigini alamatlandyrýar. Bagşylar şahyryň goşgularyny türkmen halk mukamlaryna goşup hem aýdyp başladylar. Sahy Jepbarowyň şeýle aýdymlarynyň arasynda «Ýusup owgan» we «At çapar» atly türkmen halk mukamlarynyň äheňinde akyldar şahyryň «Bu gün» diýen goşgusyna aýdýan aýdymlary hem bar.
Ýurdumyzyň Döwlet hory hem-de beýleki ähli hor toparlary Magtymgulynyň sözlerine «Baglar, heý!» diýen aýdymyny uly höwes bilen aýdýarlar. Kompozitor Daňatar Öwezowyň hor we fortepiano üçin döreden, filosofiki mazmundaky naýbaşy eserleriň biri bolan bu aýdymda liriki gahryman bu ýerde öz zamanasyndan söz açýar.
Meret Annamyradowyň «Täleý» kantatasy hem watançylyk däp-dessurlaryny miras alan türkmen sungaty boýunça işleriň has talabalaýyk gurnalandygynyň aýdyň şaýady bolup durýar. Kompozitoryň Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusyna adybir kantatasyny döredenligini ýatlamak hem örän ýakymly. Şeýle-de şahyryň bu goşgusyna Weli Ahmedow hem uly göwrümli eser ýazýar.
Şahyryň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanan ukrain kompozitory Ýuliý Meýtusyň B.Kerbabaýewiň librettosy esasynda döreden «Magtymguly» operasy ajaýyp saz eseri hökmünde türkmen opera sungatyna ähmiýetli goşant goşýar. Bu operanyň täzeden sahnalaşdyrylyp, halk köpçüligine hödürlenmegi bolsa türkmen sahna sungatynyň altyn hazynasyna özboluşly öwüşgin berýär.
«Magtymguly» operasynda ahlak terbiýesi hakyndaky asyrlar aşyp gelen pikirleri şahyrana söz bilen nesihat ediji bolan akyldar Magtymgulynyň ýaşlygy hem kämilligi yzygiderli ösüşde, paýhas belentliginde görkezilýär. Operada Magtymgulynyň medresede okan döwrüniň aýdyň beýan edilmegi geçmişde ylma-bilime uly sarpa goýan halkymyzyň beýik pähim-paýhasynyň düýp özenini açyp görkezýän bu sahna görnüşi baý many-mazmuna eýedir.
Operanyň Magtymgulynyň sözlerine kompozitor Suhan Tüýliýewiň ýazan «Türkmen binasy» eseri bilen tamamlanmagy bolsa adamlaryň döredýän gymmatlyklaryny, olaryň ýagty geljek baradaky arzuwlaryny hakyky ajaýyplyk hasaplan Magtymgulynyň çeper many-mazmuna, şirin labyzlylyga ýugrulan eserlerinde çeper lirikanyň iň ýokary derejelerini doly görýäris. Pyragynyň goşgusyna kompozitoryň ýazan okaýjy, solist, hor we simfoniki orkestr üçin adybir waspnamasy, sözüň doly manysynda türkmeniň bagt hem döwlet tapan zamanasyny wasp edýär. Ol waspnama dabaraly häsiýetdäki saz keşbini özünde jemläp, türkmen halkynyň erkinligini, garaşsyzlygyny wasp edýän özboluşly sena bolup ýaňlanýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine içgin aralaşdygyňsaýy biziň üçin türkmeniň asyl ahlak sypatlaryny açyp görkezýän nusgalyk mekdebimiziň bolandygyna we bardygyna göz ýetirýärsiň. Ýaşlar hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu görelde mekdebe eýermelidir.
Leýli SAPARGELDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň mugallymy.