Dürüň dänesi deý sözleri bilen,
Hakykata uýan gözleri bilen,
Yragy, ýakyny dost edip bilen,
Paýhas derýasynda akan, Pyragy,
Ýürekleriň taryn kakan, Pyragy!
Saba-säherlerden tämiz eserleň,
Ulus ile göreldedir ezelden,
Şan-şöhratyň müň ýyl geçip egsilmez,
Geljege ynamly bakan, Pyragy,
Köňülleriň taryn kakan, Pyragy!
Seýil edip Watanyň dere-dagyna,
Çoh garaşan döwrüň ajap çagyna,
Pajarlaýan şygryýetiň bagyna
sözlerini zerläp eken, Pyragy,
Ýürekleriň taryn kakan, Pyragy!
Akyldarym, baş egýäris öňüňde!
Beýikligiň bu gün arşyň deňinde,
Seň toýuň şanyna dabara günde,
Şygryýete adyn dakan, Pyragy,
Köňülleriň taryn kakan, Pyragy!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.