Magtymguly külli türkmeniň şahyry hökmünde at-owazasy dünýä dolan beýik akyldardyr. Şahyr hakynda söz açylanda, ikirjiňlenmezden, onuň türkmen edebiýatynyň taryhynda bahasyna ýetip bolmajak hyzmatynyň bolandygyny bellemelidiris. Magtymgulynyň döredijiliginde türkmen halkynyň şöhratly ýoluny, döwrüň syýasy ýagdaýyny aýdyň görüp bilýäris. Çünki şahyryň poeziýasynda döwrüň keşbi özüniň gapma-garşylyklary bilen çeperçilik taýdan özleşdirilen görnüşde örboýuna galýar. Şahyryň ýaşan döwri türkmen halkynyň geçmişinde galagoply döwür hökmünde taryhyň sahypalaryna girdi. Pyragy halkyň agyr güne düşmegini tire-taýpalaryň arasyndaky agzalalygyndan görýär. Beýik söz ussadynyň öz ýaşan jemgyýetçilik durmuşyna berýän bahasy onuň goşgy setirlerinde beýanyny tapypdyr. Magtymguly öz ýurduny söýen, onuň adamlaryna hormat goýan, söýgini arşa galdyran şahyrdyr. Ol öňdengörüji, akyldar, parasatly ynsandyr. Magtymgulynyň döredijiliginde bolsa öwüt-nesihat goşgulary has-da uly orun tutýar. Şahyr döwürdeşlerine adamyň ruhy dünýäsiniň bezegi bolan gowy sypatlary öwretmegi, olarda Watana, zähmete, ýaşaýşa, gözellige, dostluga, agzybirlige söýgi döretmegi, adama gelişmeýän ýaramaz häsiýetleri ýazgarmagy, ynsan mertebesini belent tutup, oňa hormat-sarpa goýmagy özüniň borjy hasaplapdyr. Şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan dürdäne setirleri adamlarda adamkärçilik sypatlaryny terbiýeleýär. Magtymgulynyň döredijiliginde Watana bolan çäksiz söýgi belent owaz bilen ýaňlanýar. Şahyryň öwüt-ündewlere ýugrulan ajaýyp setirleri halkyň ýüreginde hemişelik orun aldy. Ol hiç wagt könelmeýär. Onuň şygyrlary azaşana ýol, gamlaýyna batana giňlik berýär. Şahyryň goşgulary halka ýakyn. Adamlar ol setirleri nakyla öwrüp aýdýarlar. Şahyryň taraşladyp, köňle getiren setirleriniň gadyr-gymmaty biziň häzirki döwrümizde has ýokarydyr. Her sözi köşekli düýä degýän şahyryň goşgulary biziň ýaşlarymyz üçin görelde mekdebi bolup durýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýyly boldy. Edebiýat meýdanynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy ýagşylyga ýugrulyp, ussatlyga beslenen dürdäne setirleri bilen halkyň ýüreginde ebedi ýaşar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyraga, onuň döredijiligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Sähragül IŞANOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň esasy hünärmeni.