2025-nji ýyl türkmen halky üçin aýratyn many-mazmunly ýyldyr. Bu ýylda Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllyk toýuny toýlaýar. Bu möhüm sene diňe bir ýurdumyzyň halkara derejesindäki beýik abraýynyň nyşany bolman, eýsem, halkymyzyň parahatçylygy, dost-doganlygy we ynanyşmagy mukaddes gymmatlyk hasaplaýandygynyň subutnamasydyr.
Şu günlerde ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bilim edaralarynda, medeniýet merkezlerinde, jemgyýetçilik guramalarynda Bitaraplygyň ähmiýetini açyp görkezýän maslahatlar, sergiler, döredijilik bäsleşikleri we wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän duşuşyklarda Bitaraplygyň dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ynanyşmagy üpjün etmekdäki orny giňden beýan edilýär.
Bitaraplyk derejesi Türkmenistan üçin parahat durmuşyň, ösüşiň we halkara dostlugyň kepilidir. Bu ýörelge ýurdumyza durnukly ykdysady ösüşi, halkara abraýy we halkymyza abadan durmuşy bagyş etdi. Türkmen Bitaraplygy dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasyna öwrüldi.
Bitaraplygyň 30 ýyllygyna taýýarlyk diňe bir baýramçylyk çäreleri bilen çäklenmän, halkymyzyň öz döwletine, geçmişine we geljegine bolan buýsanjynyň, watansöýüjiliginiň beýanyna öwrülýär. Her bir türkmen raýaty bu beýik toýy ýürek buýsanjy, ruhubelentlik we watançylyk duýgusy bilen garşylaýar.
Bitaraplygyň 30 ýyllygy — halkymyzyň agzybirliginiň we parahatçylykly ýaşaýşynyň beýik baýramydyr.
Hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläk hem parahatçylygyň, dostlugyň we ynanyşmagyň ülkesi hökmünde dünýäde nur saçyp, ösüşiň we abadançylygyň ýolunda ynamly öňe barar.
Garaja HAJYBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň habarçysy.