SARPALANYP ÜÇ ÝÜZ ÝYLLYK TOÝA BARÝAR PYRAGY

Synlap otyr gül Diýary Köpetdagyň deňinde,

Arkadagyň eserinde galdy has-da belende,

Sözleri sena bolup, ornady her köňülde,

Seýil etseň bu jahana, baýram munda, toý munda,

Hezzet edip dos-u-ýary jemläp otyr goýnunda,

Sarpalanyp üç ýüz ýyllyk toýa barýan Pyragy.

Türkmen akyldary, dünýä danasy Magtymguly Pyragy döwürleriň we köňülleriň şahyrydyr. Hakyň ýolundan ýöräp, ynsanyýeti bir supranyň başyna jem etmegi ýüregine düwen akyldaryň ak arzuwlary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda wysalyna gowuşdy. Bu gün çawy äleme ýeten dana şahyrymyz gaýym gurulan berkarar döwleti synlap tirsegine galdy.

Däp bolşy ýaly, bagtyň mesgeni Türkmenistan ýurdumyzda toý-baýramlar goşa-goşadan gelýär. Doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde ak mermerli binalardan kerwen guran Aşgabat şäheriniň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde seleňläp duran akyldaryň heýkeliniň gurulmagynda aýratyn many bar. Äpet ýadygärligiň hem-de “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylmagy toýuň şowhunyny artdyran taryhy waka boldy. Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Pyragynyň ýadygärliginiň eteginde ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumynda binýat edilen dünýä ýurtlarynyň ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri bolsa bu ýeri dost-doganlygyň merkezine öwürdi.

Ýadygärligiň açylyş dabarasyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilen halkara maslahata hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleriniň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklary diýseň buýsandyryjydyr. Munuň özi ajaýyp eserleri bilen diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň hem ösüşine mynasyp goşant goşan dana Pyragynyň sarpasyny has-da belende galdyrdy. Çäräniň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişiniň hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlarynyň guralmagy dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Häzirkizaman yşyklandyryş enjamlary we lazer şöhleleri arkaly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýagtylandyrylmagy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyndan beýik söz ussady baradaky: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýen setirleriň baýyrlaryň ýüzünde şöhlelendirilmegi gaýtalanmajak gözelligi emele getirdi. Bularyň ählisi türkmeniň buýsanjy, edebiýat meýdanynyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň näderejede beýikdigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Magtymguly Pyragynyň dag deýin beýik ýadygärli we medeni-seýilgäh toplumy dürli medeni çäreleriň, edebiýat agşamlarynyň geçirilýän ýerine öwrüler. Şeýle-de bu ýeriň jana şypa howasynyň, gaýtalanmajak gözel tebigatynyň goýnunda her bir adam oňaýly dynç alyp, wagtyny hoş geçirer. Bu toplum üç asyr geçse-de, döredijiligine tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň zehinine belent hormatyň we söýginiň beýanydyr. 

Isleýşiň deý, «Magtymguly» diýip tutulýar adyň,

Pähim-paýhasyň ummany ýyla şan berýär adyň,

Toýuň toýlanýan döwründe beýge galdy şöhratyň,

Tirsegine galdy şahyr, yklyma ýaýyp adyn,

Saýasynda Arkadagyň, Arkadagly Serdaryň,

Sarpalanyp üç ýüz ýyllyk toýa barýar Pyragy.

Akyldar şahyryň waspyny belende galdyryp, şanyna beýik ýadygärligi binýat etdiren, edebiýata aýratyn sarpa goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik şahsyýetlerimizi dünýä tanatmak, halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER