Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ömür ýoly içgin öwrenilip, ony geljekki nesillere ýetirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu babatda zerur tagallalaryň ählisi döredilip, netijeli işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýyla «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gündogaryň ägirdi Magtymguly Pyragynyň paýhasa eýlenen döredijiligi bahasyz gymmatlykdyr. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly eserinde «Magtymguly – bu mizemeýän Watan söýgüsi, halk ykbalynyň aladasy, belent häsiýetleriň gaýmagydyr» diýip belleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet durmuşynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmak, olary beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller hökmünde kemala getirmek, ýaşlarda beýik ahlak sypatlaryny ösdürmek ýaly wajyp meseleleri üns merkezinden düşürmeýänligi ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärlerini has-da buýsandyrýar.
Türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrülen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde beýan edilýän beýik ahlak häsiýetlerini, adamkärçilik sypatlaryny ýaş nesillere öwretmek bolsa, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Çünki şahyryň döredijiligi milli terbiýäniň belent nusgasydyr. Milli terbiýe bolsa kämil terbiýedir.
Şahyryň eserleri ýyllar, asyrlar geçse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Akyldaryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde durýar. Watana söýgi döretmek, mertlik, gaýduwsyzlyk, il-güne wepadarlyk, agzybirlik ýaly asylly ýörelgeler şahyryň goşgularynyň özenini düzýär. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň goşgulary halk içinde giňden aýdylýar we nesil terbiýesinde gymmatly hazyna bolup durýar. Magtymguly Pyragy türkmeniň bagtyýar şu gününi, ýagty geljegini öňünden görüp, şygyrlary bilen ýürekleri nagyşlan şahyrdyr, paýhas dänesi bilen sözden akyl çäjini döreden beýik danadyr. Şahyryň eserleri diňe düýnüň, şu günüň ýa ertäň däl, eýsem, ähli döwürleriň eseri. Hut şol sebäpdenem üstünden üç asyr geçendigine garamazdan, şahyryň döredijiligi häzirki wagtda hem içgin öwrenilýär.
Biz ýaşlara mundan beýläk-de gündogaryň beýik şahsyýeti, türkmeni türkmen hökmünde dünýä tanadan dana şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmek, dikeltmek we geljekki nesillere ýetirmek wezipesi mukaddes borç hökmünde kesgitlenilýär. Şahyryň adyny uly buýsanç bilen göterýän guramamyzyň agzybir işgärleri, işjeň agzalary bolup, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy, sungatymyzy gorap saklamakda, milli ruhly nesilleri kemala getirmekde halal zähmetimiz bilen mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys.
Goý, bedew bady bilen ata Watanymyzy uly ösüşlere sary alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.