Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden edebi mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýär. Dana şahyryň eserleri ýaşlarda watançylyk duýgularyny ösdürmegiň egsilmez çeşmesi hökmünde çykyş edýär. Çünki beýik akyldaryň öz döwründe häzirki döwürde-de kämillige ýeten şahsyýetdigini tutuş dünýä ykrar edýär. Magtymguly Pyragynyň umumadamzat jemgyýetçiligi üçin saýlap alan iň bähbitli ýoly öwüt-nesihat ýoludyr. Bu babatda şahyr «Maksadym nesihat etmekdir halka» diýýär. Şahyryň taraşlap, şagladyp bize ýadygärlik goýan edebi mirasy örän giň we köptaraplydyr. Olar häzirki wagtda ýaş nesli türkmen halkynyň milli ruhy baýlyklary esasynda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir. Şahyryň döredijiligini wagyz etmek we ösüp gelýän ýaş nesilleriň aňyna ýetirmek, biz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar.
Beýik şahyryň döredijiligi umman ýaly giň, Zemin ýaly bereketli, asman ýaly belentligi üçin pähim-paýhasa, ýokary çeperçilige ýugrulan ajaýyp eserleri, belent adamkärçilige, ylahy päklige, watansöýüjilige, wyždana esaslanýar. Ussat şahyryň şeýle setirleri bar:
Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,
Märekede otur-turyşyn görüň.
Birew bilen aşna bolaý diýseňiz
Owal ykrarynda duruşyn görüň.
Şahyr ýoldaş, dost boljak adamyňy saýlamagyň ýollaryny çeper sözler arkaly beýan edýär. Şahyryň döredijiliginde Watanyň bähbidi üçin janyňy gaýgyrmaýan ýigitler esasy orun tutýar. Magtymguly Pyragy özüniň döredijiliginde ahlak terbiýesinde adamyň adamdan parhlydygyny görkezmek bilen batyr ýigitlerden görelde almagy ündeýär. Şahyryň öwüt-nesihat, häsiýetli şygyr diwanlary dana şahyryň öz döwründe-de, häzirki döwürde-de terbiýeçilik ähmiýetini ýitirmedi. Şahyryň «Söz manysyn aňmaz bir guýruksyz ite meňzär», «Sözlegende söz manysyn bilmegen, ondan ki bir gepläp bilmez lal ýagşy» ýaly setirlerinde ynsany oýlanmaga mejbur edýän şeýle ganatly setirleriniň özeninde aýdylan sözleriň her biriniň aýratyn orny, täsiri bardygyny galyberse-de ahlak sypatlaryny ýüze çykarýandygyny aňladýar.
Köp söz seni il içinde har eýlär diýmek bilen, atalar sözleridir nakyllary şygyrlarynda şöhlelendiren dana şahyr başarsaň diňe ýagşylyk etmegi, köpçülikde özüňi alyp barmagyň kadalaryny belläp geçýär. Akyldar şahyr türkmen gelin-gyzlarynyň akylly, pähimli, edep-ekramly bolmaklaryny isläpdir. Ýagny şahyryň:
Gözel bardyr gözellerden zyýada,
Anyň hyzmatynda durasyň geler.
Edepli ekramly mylaýym zada,
Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.
Ýaly öwüt-nesihat setirlerini başga-da birnäçe «Uýat eýleýin», «Baş üstüne», «Yzlamaýan bolarmy», «Gadry bilinmez», «Ýigidi» ýaly terbiýeçilik äheňe ýugrulan goşgularda hem duýmak bolýar. Bu dürdäne setirler her bir adamyň aňynda ata Watana, ene topraga, il-güne bolan söýgüni döredýär. Şahyryň goşgy setirlerinde biziň ertirki günümiziň eýeleri hasaplanýan ýaşlarymyzda ruhy ahlaklylyga, adamkärçilige, oňat gylyk-häsiýetlere, Watany söýmeklige, döwlete wepaly gulluk etmeklige çagyrýan wagyz-nesihat häsiýetli şygyrlary şu günki bagtyýar nesillerimizi terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Biz hem akyldar şahyryň adyny uly buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup, şahyryň döredijiligini ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys. Bizi Magtymguly Pyragynyň arzuw eden ajaýyp zamanasynda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, biz ýaşlara uly ynam bildirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Magtymguly Pyragynyň mertebesi müdimi bolsun!
Rahman ERGEŞOW,
TMÝG-niň Lebap welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.