TÜRKMENE HEMRA BIR BELENT ŞÖHRAT HEM ŞAN GÖRMÜŞEM

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara beslenýär. 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy döwlet we halkara derejesinde giňden bellenýär.

17-nji maýda Köpetdagyň iň bir gözel künjekleriniň birinde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň heýkeliniň dabaraly açylyşy boldy. Toýlaryň toýa beslenýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň bu täze medeni-seýilgäh toplumyna döredijilik gezelenji guraldy. Seýilgäh özüniň owadanlygy, tämizligi, türkmen tebigatynyň iň bir gözel künjeginde ýerleşýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Magtymguly Pyragynyň beýikligi 60 metrlik heýkeli dünýäde şahyryň hormatyna dikeldilen iň uly ýadygärlikdir.

Bu gün ylham joşgun alyp sözlerim zybana geldi,

Pyragyň arzuw eýläni-ajap bir zamana geldi,

Bagtymyzyň döwlet guşy, bu Türkmenistana geldi,

At-abraýy äleme dolup, şöhrat hem şana geldi,

Dünýäniň çar künjeginden dostlarmyz salama geldi,

Adalat ak ýola düşüp, işlermiz rowana geldi,

Ýeňişler ýeňşi döredýär, sowulmaz dowama geldi.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň belli ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen, halkymyzda hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk duýgularynyň dabaralanýandygyny görkezýär. Bu medeni-seýilgäh toplumynda 24 sany — Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly ägirtleriň heýkeli bar. Olary synlap, göýä asyrlaryň jümmüşine alyp gidýän taryhyň şöhratly sahypalaryna gaýybana syýahat eden ýaly bolýarsyň.

Seýilgähde gezelenç etmek diňe bir tebigat bilen sessiz sözleşmekden lezzet almaga däl, eýsem, türkmen we dünýä edebiýatynyň ägirtleri bilen «duşuşmaga» mümkinçilik berýär.

 

Zyýada ÝUSUBOWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER