TÜRKMEN ÝAŞLARY SIAN ŞÄHERINDÄKI ARHEOLOGIÝA MUZEÝI BILEN TANYŞDY

Ozal habar berşimiz ýaly, 15-22-nji maý aralygynda Hytaýda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň “Geljege köpri-2024” forumy geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary bolup durýan türkmen ýaşlary hem işjeň gatnaşýarlar.

Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Hytaýyň Sian şäheriniň medeni, aň-bilim ojaklaryna hem baryp gördüler.

Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherindäki arheologiýa muzeýine gezelenç hem forumyň gyzykly çäreleriniň biri boldy. Foruma gatnaşyjylara bu täze muzeýdäki eksponatlar, olaryň aýratynlyklary, taryhy barada gürrüň berildi.

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň merkezi Sianda ýerleşýän bu muzeý 2022-nji ýylda halk köpçüligi üçin açylýar. Onuň 5800 inedördül metr ýapyk hem-de 10 000 inedördül metr açyk sergi meýdançalary bar. Bu ýerde 5 müňden gowrak muzeý gymmatlyklary görkezilýär. Muzeýde, esasan, hakyky gazuw-agtaryş sahnasyny şekillendirmek bilen, halk köpçüligine arheologiki gözleg-barlag işlerine has ýakyndan syn etmäge mümkinçilik döretmek maksat edinilýär.