Bäherden etrabynyň bilim bölümi we TMÝG-nyň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda etrabyň 30-njy orta mekdebinde etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Hoş gal mekdebim» ady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda etrabyň halypa, ýaşuly mugallymlary we etrabyň ýokary synpynda okaýan, göreldeli okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler her ýylyň 25-nji maýynda Diýarymyzyň ähli okuw mekdeplerinde geçiriljek «Soňky jaň» dabarasyny bütin döwletimiz boýunça maksadalaýyk, döwrebap derejede geçirmäge işjeň gatnaşmalydygyny hem-de Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin ygtybarly binýat emele getirilýär we Döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertleriň netijesinde türkmen ýaşlary halkara aň-paýhas, döredijilik we sport bäsleşiklerinde ýeňiji bolup, Watanymyzyň abraýyny artdyrýarlar, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar diýip bellediler we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryndan, döredýän mümkinçiliklerinden göwünleri galkynýan türkmen ýaşlary täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegini belläp, sözleriniň ahyrynda okuwçylary «Soňky jaň» dabarasy bilen gutladylar.
Bezirgen BAÝRAMOW,
TMÝG-nyň Bäherden etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.