(Aşgabat, 2017-nji ýylyň 28-nji sentýabry)
Hormatly adamlar!
Eziz türgenler!
Biz şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň ýokary netijeleri gazanan türgenlerini we tälimçilerini dabaraly ýagdaýda sylaglamagy maksat edindik.
Milli ýygyndy toparymyzyň wekilleriniň V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç, jemi 245 medal gazanyp, berkarar döwletimizde sportuň hem güýçli ösendigini bütin dünýä görkezendiklerini aýratyn buýsanç bilen bellemek isleýärin.
Bu oýunlar parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz döwletimiz üçin hem, dünýä bileleşigi üçin hem aýratyn ähmiýetli taryhy wakalaryň biri boldy.
Aziýa sebitinde iň gözel hem-de abadan şäherleriň birine öwrülen Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlary sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Garaşsyz Watanymyzyň tutuş dünýä açyklygyny ýene-de bir gezek aýdyň äşgär etdi.
Bu ýaryşlar ýurdumyzyň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny açyp görkezdi. Türgenlerimiziň ýeňişleri V Aziýa oýunlaryny has belent derejelere çykardy.
Bitarap döwletimiziň halkara sport abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk eden bu taryhy wakalar merdana halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Biziň her birimizde şatlykly duýgulary döredip, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýar.
Men ýurdumyzyň türgenlerine we tälimçilerine geljekde hem halkara hem-de dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyza mynasyp wekilçilik etmegi ak ýürekden arzuw edýärin!
Olimpiýa hereketini ösdürmek, dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmak babatda hem size uly tagalla etmegi wesýet edýärin!
Hormatly adamlar!
Biz Garaşsyz ýurdumyzda sportuň beýik geljegine merdana ýaşlarymyzyň ynamynyň berkdigine çäksiz buýsanýarys!
Bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Ynsany beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, onuň dünýägaraýşyny hem kämilleşdirýän bu gymmatlyklar biziň döwletimiziň durmuş we ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar.
Öň hem belläp geçişim ýaly, biz bedenterbiýä we sporta agzybir jemgyýetimizi has-da jebisleşdirýän, merdana halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şoňa görä-de, bu ulgamlary ösdürmegi, raýatlarymyzyň ruhy taýdan kämil we beden taýdan sagdynlygyny gazanmagy döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürýäris.
Şu wezipelerden ugur alyp, biz bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalaryny kabul etdik. Ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sportuň berk binýatly, ösen ulgamyny döretdik. Kabul eden milli maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi amala aşyrmagyň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sportda gazanylan ýokary netijeleri ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlaryny gönükdirdik. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlaryny, paýtagtymyz Aşgabatda bolsa ajaýyp Olimpiýa şäherçesini gurduk.
Hormatly ýaşlar!
Biz dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerimizi dünýä ýaýmak, parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sporty ösdürmek arkaly jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly öňe gitmegini gazanmagy, Garaşsyz Watanymyzy düýpli özgertmegi döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplaýarys.
Men «Aziada 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilendigini buýsanç bilen bellemek isleýärin. Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen 36-njy mejlisinde bolsa, biziň öňe süren başlangyjymyz boýunça «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky» Jarnama biragyzdan kabul edildi.
Bularyň ählisi Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygyny, halkara sport giňişliginde aýgytly gadam urýandygyny ykrar edýän taryhy wakalardyr.
Hormatly adamlar!
Şu ýerde meýletinçileriň işini hem aýratyn belläp geçmek isleýärin. V Aziýa oýunlaryny geçirmekde meýletinçileriň paýyna işleriň agramly bölegi düşdi diýsem, ýalňyş bolmasa gerek. V Aziýa oýunlarynyň geçýän döwründe müňlerçe meýletinçiler gije-gündiziň dowamynda ussatlyk we başarjaňlyk bilen işläp, daşary ýurtly türgenlere we myhmanlara uly medeniýetlilik, sylag-hormat, halkymyza mahsus myhmansöýerlik we göwnaçyklyk görkezdiler.
Men bütin durky bilen Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özlerine ýörelge edinen ýaşlarymyzyň berkarar döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni we sport durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny we bu ýeňişli başlangyçlaryny doly goldaýaryn hem-de olara ýokary baha berýärin.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym — sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr! Sporta söýgi durmuşa söýgüdir!
Beden we ruhy sagdynlyk adamda ýaşaýşa ynamy has-da güýçlendirýär. Päk göwünli, berk bedenli, maksatlary aýdyň ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň ýaşlykdan sporta bolan endigi özlerinde terbiýelemegi olaryň uzak hem-de sagdyn ömür sürmegi üçin zerurdyr. Sport siziň beden we ruhy gözelligiňiziň sazlaşmagy, jemgyýetimiziň sagdynlygy üçin örän möhümdir.
Biz öňde goýan beýik maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys. Beýik maksatlara bolsa diňe oýlanyşykly, döredijilikli işler, bedeniň we ruhuň kämilligi, ýeňişlere hem-de üstünliklere bolan uly ynam bilen ýetip bolar. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur!
Eziz türgenler!
Hormatly adamlar!
Sportda her bir üstünlik berk binýadyň esasynda gazanylýar. Biz uzak ýyllardan bäri ýurdumyzda sporty ösdürmek bilen örän çynlakaý meşgullanyp gelýäris. Türgenler, sport jemgyýetleri, Milli Olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, biziň ählimiz bilelikde türkmen sportuny ösdürmek ugrunda uly tagalla edýäris.
Halkara derejesinde birinjilik ugrundaky ýaryşlarda biziň türgenlerimiziň hormatly münberiň iň ýokary basgançagyna çykýandygy tötänden däldir. Bularyň ählisi biziň bilelikde edýän şu tagallalarymyzyň guwandyryjy netijesidir.
Millionlarça adamlary birleşdiren V Aziýa oýunlary ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende göterdi. Dünýäde parahatçylygy we dostlugy berkarar etmäge goşýan ägirt goşandymyzy aýdyň görkezdi.
Nesip bolsa, Garaşsyz Watanymyzda bedenterbiýe we sport geljekde hem güýçli depginler bilen ösdüriler. Men ýaşlarymyzyň halkara derejesindäki ýaryşlarda ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn!
Türkmenistan ähli ugurlarda ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Geljekde bize mundan hem uly üstünlikler we şanly ýeňişler garaşýar!
Hormatly Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary!
Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!
Sizi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda gazanan deňsiz-taýsyz ajaýyp üstünlikleriňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý, halkara sport giňişliginde Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugy mundan beýläk-de belentde parlasyn!
Mähriban türgenler!
Hormatly tälimçiler!
Men siziň ähliňizi mynasyp bolan sylaglaryňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan hem-de bagtyýar durmuş, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy bolan Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!
Goý, dünýäniň sport hereketine üstünlikli goşulyşýan hem-de täze ýeňişleri gazanýan Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki mertebesi has-da beýgelsin!
“Nesil” gazeti,
30.09.2017ý.












