KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI HORMATLY MYHMANLAR SEÝILBAGYNDA AGAÇ NAHALYNY OTURTDY

Ozal habar berşimiz ýaly, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana iki günlük döwlet saparyny amala aşyrýar. Bu onuň Türkmenistana ilkinji döwlet saparydyr.

TDH-nyň habar berşi ýaly, saparynyň birinji gününde, 10-njy iýunda iki ýurduň arasynda giňeldilen düzümdäki gepleşikler we metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etmek tamamlanansoň, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Prezidenti, maşgalasy bilen bilelikde, bu ýerde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.

 

Türkmenportal.com