«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen dürdäne setirler diňe bir üstümizdäki ýylyň şygary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bu çuňňur kesgitleme — Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly atamyza bildirýän uly hormatynyň nyşanydyr. Häzirki wagta diňe ýurdumyzda däl, dünýäniň onlarça ýurtlarynda dana şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýy uludan tutýar. Dana şahyrymyzyň edebi mirasy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan içgin öwrenilýär. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda asman bilen Zemin birleşýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň belent daglardan şaglap gaýdýan boz bulaklar ýaly arassa duýgulara, arşy belentlige göterilen beýik pikirlere baý edebi mirasy çeper döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin nusgalyk mekdepdir.
Üstümizdäki ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde belentden bellenilýän beýik şahyr Magtymguly Pyragy öz nusgawy eserleri bilen bu günki dünýäni gezýär. Onuň köptaraply eserlerinde watançylyk, mertlik, dost-doganlyk temalary giň orun eýeleýär. Akyldar şahyryň şygryýet mirasy türkmen halkynyň dünýä edebiýatyna goşan uly, ajaýyp we özboluşly goşandydyr. Bu miras diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň ähli halklarynyň çeperçilik gymmatlyklaryny düzýär. Munuň şeýledigini 2023-nji ýylyň maý aýynyň 10-24-i aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň 216-njy Mejlisinde Magtymguly Pyragynyň Golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» Maksatnamasynyň halkara sanawyna goşulmagy hem aýdyň subut edýär.
Dana şahyryň ajaýyp eserlerinde beýan edýän pikirleri wagyz-nesihatyň bulagydyr. Çünki, olar öwüt-ündew bilen ynsany ýagşy işlere ugrukdyrýar. Şol bulak bolsa, üç asyr bäri nesihata teşne göwünleri gandyryp gelýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewe ýugrulan her bir setiri ýaş nesiller üçin terbiýeçilik mekdebi bolup durýar. Ajaýyp döwrümizde ruhy hazynanyň many-mazmuny biz ýaşlaryň köňüllerimiziň kelamyna öwrüldi. Ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylyk ruhunda beýik türkmen akyldarynyň dabarasy dünýä dolýar.
Türkmeniň medeniýet-sungatyna, edebiýatyna, beýik şahsyýetlerine uly sarpa goýýan, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Pirnazar REJEPOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we
maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.