ŞAHYRYŇ DÖREDIJILIGINE BELENT SARPA

     Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň  milli mirasyny, medeniýetini, akyldarlarymyzyň we şahyrlarymyzyň edebi döredijiligini ylmy taýdan öwrenmeklige we wagyz etmeklige aýratyn ähmiýet berýärler. Ynha, bu gün hem ýurdumyzda uly şatlyk-şowhunly günler dowam edýär. Bagtyýarlyk döwrümiziň şu günlerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giň dabaralar bilen bellenilýär.

     Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy biz ýaşlar üçin egsilmez hazyna bolup durýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, ynsanperwer, arassa ahlakly, edep-ekramly bolup ýetişmekligi üçin Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň orny has uludyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň agzybirligini, jebisligini arzuw edipdir. Bu gün şahyryň:

Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

     - diýen ynsanperwer arzuwlarynyň hasyl bolan döwrüdir.

     Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Dünýäniň ylmy-medeni ösüşine mynasyp goşant goşan beýik türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijiligine bagyşlanyp Halkara ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär, olaryň ylmy we edebi mirasy halka ýetirilýär. Muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe meşhur türkmen alymlary, şahyrlary Mahmyt Kaşgarla, Mahmyt Zamahşara, Abusagyt Abylhaýyra, Nejmeddin Kubra, Muhammet Gaýmaz Türkmene, Magtymguly Pyraga bagyşlanyp geçirilen Halkara ylmy maslahatlar hem güwä geçýär.

     Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçmek üçin ýurdumyzyň her bir künjünde uly dabaralar, giň gerimli çäreler, hem-de bu ugurda halkara derejesinde dabaralar, maslahatlar we bäsleşikler geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň hem esasy baş wezipeleriniň biri ýaşlara edep-terbiýe bermek, olary Watana il-halka wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmegi ündemek bolup durýar. Şu maksatlardan ugur alyp beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň wesýetlerini, sargytlaryny ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän çärelerde giňden wagyz edýäris.

     Biz ýaşlara okamaga, işlemäge, dynç almaga, medeniýetimizi, däp – dessurlarymyzy, öz taryhymyzy öwrenmäge we gorap saklamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary  sag, ömürleri uzak bolsun we tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

 

Nasiba Şeraliýewa,

TMÝG-nyň Lebap welaýat Çärjew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER