TÜRKMENI DÜNÝÄ TANADAN AKYLDAR

      Gündogar edebiýatynda Nyzamy, Ferdöwsi, Rumy, Jamy, Ýunus Emre, Saady, Nowaýy ýaly onlarça söz ussatlarynyň hersi öz döredijilik ýoly bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy Gündogar akyldarlarynyň hatarynda durýar. Magtymguly Pyragynyň dünýä akyldarlarynyň hatarynda durmagy şahyryň beýik mertebesini, umumynsanyýet gymmatlyklaryna goşan goşandyny alamatlandyrmak bilen, külli türkmen halkynyň hem dünýä möçberinde aýratyn ornunyň, özboluşly, gadymy milli medeniýetiniň, köp asyrlyk maňyzly-maýaly edebiýatynyň, sözüniň, sazynyň, sungatynyň hem mertebesiniň beýik derejä göterilendigini aýan edýär.

      Magtymgulynyň goşgularynyň her bir setirinde türkmeniň ýürek urgusy – päk duýgulary, arzuwlary, edim-gylymlary we beýleki ajaýyplyklary ýatyr. Şolaryň ählisi kalbyň, pähimiň uçursyz gudraty bolup, nesilden-nesle geçip, bize gelip ýetipdir. 

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň “Jemşidiň jamyna” deňelýän dürdäne döredijiligi diňe bir Ýakyn hem Orta Gündogaryň gadymy halklaryndan biri bolan şahyrana hem şahandaz türkmen halkynyň baý edebi mirasynyň köp asyrlyk taryhynda aýratyn hadysa bolmak bilen birlikde, ol bütin Gündogaryň uç-gyraksyz giň edebiýat
äleminde-de gaýtalanmajak örän uly hadysa boldy.

      Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyl bäri türkmen halkynyň adyny şöhratlandyryp gelýär.  Magtymguly diňe türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä akyldarlarynyň filosofik garaýyşlaryny,  çeper aňyny ösdüren, dünýewi durmuşyň ähli meselelerini inçelik bilen şahyrana beýan eden akyldar.   

      Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymgulynyň döredijiligi bu gün diňe türkmen halkyna däl, eýsem tutuş adamzada ruhy lezzet berýär. Şonuň bilen birlikde, şahyryň döredijiligi durmuş bilen baglanyşykly meseleler babatda oýlandyrýan döredijilikdir. Onuň aýdym bolup, dillerde ýaňlanan, parasat bolup, aňa siňen ajaýyp şygyrlarynyň dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edilendigi we edilýändigi ine, şol sebäplidir.

      Islendik milletiň, halkyň beýik ýazyjy-şahyrlarynyň dünýä ýüzünde meşhur bolmagy üçin, ilkinji wezipe olaryň  eserlerini  dünýäniň dürli halklarynyň dillerine öz şirinligi, asyl özeni bilen ýetirmekde awtoryň ekiz taýy ýa-da hyzmatkäri  bolan terjimeçiniň boýnuna düşýändir. Şeýle-de bu işde  ol ýazyjy-şahyry öz ojagynda kemala getiren  halkyň ylmy jemgyýetçiligine, terjimeçi hünärmenlerine hem örän möhüm wezipe degişlidir. Bu hut beýik akyldar Magtymguly Pyragy we onuň göwher şygyrlary babatynda-da şeýledir. Beýik akyldaryň şygyrlar diwanyny mümkin boldugyça  kämil derejede terjime etmek, onuň edebi mirasyny düzýän gyzyldan gymmatly merjen şygyrlarynyň asyl durkuny sozman, goýazy gaýmagyny bozman, datly lezzeti bilen dünýä halklaryna ýetirmek geçmiş taryhyna, taryhda müdimilik yz galdyran milli gahrymanlaryna belent sarpa goýulýan  döwrümizde Magtymguly Pyragynyň  edebi mirasy bilen iş salyşýan, döredijiligini öwrenýän alymlaryň, milli hünärmenleriň öňünde wajyp wezipe hasaplanýar.

      Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä dilleriniň köpüsine, esasan hem  Ýewropa  halklarynyň dillerine terjime edilmeginde  beýik akyldaryň rus dilindäki terjimeleriniň ähmiýeti örän uludyr.  Belli bolşy ýaly, Magtymgulynyň eserleri özbaşdak kitap görnüşinde mongol, wýetnam, polýak, fransuz, iňlis, hytaý ýaly onlarça dillerde neşir edilendir. Häzirki döwürde şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň içinde Magtymgulynyň eserlerini dürli dillere terjime etmek,  şeýle-de olary  kitap görnüşinde çapdan çykarmak boýunça işler geçirilýär. Şonuň netijesinde häzirki güne çenli şahyryň eserleri arap we özbek dillerinde neşir edildi.

      Türkmen edebiýatynyň iň görnükli wekili Magtymgulynyň eserleriniň dünýä dillerine terjimesinde kämil derejä ýetilmegi beýik akyldaryň edebi mirasynyň älemi syýahat etmegine ýardam eder. 

   Magtymgulynyň goşgularynyň dünýä dillerine  terjime edilip ýaýradylmagy,  birinjiden, onuň ylmy-filosofiki pikirleriniň Gündogar we Günbatar üçin neneňsi gymmatlydygyndan habar berse, ikinjiden, türkmen halkynyň dünýä ýurtlary bilen halkara medeni gatnaşyklarynyň ösmegine, dost-doganlygyň halklaryň bähbitleri üçin gönezlik bolup hyzmat etmegine ýardam berýär.

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER