Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Magtymguly Pyragy ýaly beýik söz ussatlarynyň döredijiligini içgin öwrenmäge giň ýol açyldy. Magtymgulynyň eserleri millilige ýugrulan bolup, türkmeniň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, edep-ekram, ahlak düşünjesini özünde jemleýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň – TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň “Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi, munuň özi beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň baý döredijilik mirasyna häzirki nesilleriň çuňňur hormatynyň nyşany bolup durýar.
Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr.
Şeýle bagtyýarlyga ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulnabat KALANDAROWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.