Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, tutuş dünýäde giňden wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Beýik şahyryň döredijiliginde islendik meseläniň jogabyny tapmak mümkin. Ol ýaşan ýerlerini, bilim alan ojaklaryny, ýer-ýurt atlaryny öz şygyr setirlerine ussatlykça ýerleşdirmegi başarypdyr. Şahyr ömrüniň köp bölegini Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geçiripdir.
«Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, Magtymguly Pyragy başlangyç bilimi we terbiýäni öz kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Soňra şahyr ilki oba mekdebinde soňra «Idris baba medresesinde, Buharadaky «Gögeldaş» medresesinde, Hywadaky «Şirgazy» medresesinde okaýar. Ol esasy bilimi-de şu ýerde öwrenýär. Medresede berilýän dersleriň daşynda hem Magtymguly Pyragy gündogaryň görnükli şahyrlary Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okaýar. Magtymgulynyň öz okan medresesine bagyşlap düzen «Gözel Şirgazy» goşgusynda:
Mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!
Ötürdim gyşyňy, nowruz-ýazyňy,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!
diýip, şahyr şol medresede 3 ýyl okandygyny belläp geçýär.
Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşan, türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky ýaşaýar. Dana şahyryň şygyrlaryndaky filosofik garaýyşlar tutuş adamzada bitewüligi ündeýär. Onuň berkarar döwlet baradaky arzuwlarynyň wysaly bolan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz bu gün şol bitewülikden ugur alýar. Beýik akyldar döwleti dolandyrmakda, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli düýpli başlangyçlarda ilkinji nobatda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşmagyň, olara sala salmagyň zerurdygyny, şeýle geňeşleriň yzygiderli geçirilip durulmagynyň maksadalaýykdygyny belleýär. Akyldar diňe döwlet berkararlygynda, halkyň bagtyýarlygynda, bolelinlikde ýaşajakdygy, goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklarda bolup biljekdikleri baradaky taglymatlary öz goşgulary arkaly öňdengörüjilik bilen wagyz edipdir.
Ynha, şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde wagyz-nesihat çäreleri, maslahatlar, döredijilik duşuşyklary giňden geçirilýär. Biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri we işjeň agzalary bilen bilelikde ýerlerde şahyryň dürdäne setirlere gaplanan şygyrlaryna bagyşlap, duşuşyklary, maslahatlary yzygiderli geçirýäris. Bu geçirilýän duşuşyklaryň esasy maksady, Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur öwrenmekden, ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden ybaratdyr. Akyldar şahyryň edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Sabina BALTAÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.