TÜRKMENIŇ BEÝIK AKYLDARY

      Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň taryhyny, beýik pederlerimiziň ruhy-edebi mirasyny öwrenmek giň gerime eýe boldy. Taryhy geçmişimizde beýik şahsyýetler türkmeniň şöhratyna şöhrat goşup, milletimiziň dünýä halklarynyň arasynda mertebesiniň belent bolmagyna dowamat beripdirler. Olaryň arasynda beýikleriň beýigi saýylmaga mynasyp Magtymguly Pyragydyr. Baý edebi mirasymyzyň şamçyragy Magtymgulynyň öz eserlerinde öňe süren garaýyşlary türkmeniň ýaşaýyş filosofiýasynyň, bitewi döwlet döretmek ideýasynyň sarsmaz sütünleriniň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz şu jähetden şahyryň ähmiýetiniň uludygyna ünsi çekýär: «Magtymguly... bitewi türkmen milletini we kuwwatly, mizemez türkmen döwletini berkarar etmek üçin göreşmelidigini, diňe şonda «türkmeniň ykbalynyň göteriljekdigini», diňe şonda halkyň, döwletiň öňünde hiç bir gara güýjüň durup bilmejekdigini özelenip, «gözel iliniň» aňyna ýetirmäge çalşypdyr. Magtymgulynyň bu ideýasy hemmelere düşnükli we ýakyn ideýadyr».

      Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy üç asyr wagt bäri gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär. Magtymgulynyň eserlerinde dürli atlaryň, hususan-da adam atlarynyň köp duş gelmegi şahyryň özünden öňki ruhy hem taryhy mirasdan düýpli habarlydygyna, ony paýhas eleginden geçirendigine şaýatlyk edýän bolsa, beýleki bir tarapdan, atlary kämil çeperçilik serişdeleri hökmünde ussatlyk bilen nusgawy şygryýetde ulanmagy başarandygyny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Taryhda zehiniň, gaýratyň, zähmetiň bilen yz galdyrmak, il arasynda ýagşy işleriň bilen abraýa eýe bolmak, ýüzlerçe ýyl geçenden soň nesilleriň ürç edip okajak kitabyny ýazmak, umuman, haýyrly iş etmäge ymtylmak – hemişe-de adamzat nesliniň ömür maksady.

      Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryndaky ýugrumy ýeten sagdyn pikirler diňe bir türkmen halkynyň geljegi üçin däl, bütin adamzadyň durmuşy we ruhy zerurlyklary üçin ýol-ýörelgedir.

 

Muhabbat SATDAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň

mugallym-öwrenijisi.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER