Türkmen türgenleri Halkara olimpiýa komitetiniň Prezidentiniň çakylygy boýunça, sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça şu ýylyň 26-njy iýuny bilen 11-nji awgusty aralygynda Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşarlar.
Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni bolan mejlisinde sport pudagyna ýolbaşçylyk edýän wise-premýer B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň türgenleriniň dünýä çägindäki ýaryşlara taýýarlyk görşi barada hasabat berende yglan etdi.
Bellenip geçilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň 19 adamdan ybarat sport wekiliýetini Fransiýa ugratmagyň guramaçylygy boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hususan-da, 22-nji iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda jemgyýetçilik birleşikleriň, milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň wekilleriniň, ýurdumyzyň sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň ugradylyş dabarasyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Şunuň bilen baglanyşyklylykda öňde duran möhüm çäräni geçirmäge degişli birnäçe teklip döwlet Baştutanymyzyň garamagyna berildi.
Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge ägirt uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz biziň türgenlerimiziň dürli derejeli halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşýandygyny we baýrakly orunlary eýeleýändigini nygtamak bilen, Türkmenistanyň sport ulgamyny hem ýurdumyzda, halkara derejede ösdürmekde uly tejribe toplandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglanyşyklylykda Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň paýtagtynda geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzyň ýygyndy toparyny ugradyş dabarasynyň guramaçylyk işlerini ýokary derejede geçirmek barada görkezme berdi.
turkmenistan.gov.tm