Her bir jemgyýetiň geljege tarap hereketiniň öz aýratynlygy bar. Eger döwlet we jemgyýet ösüşiň netijeli ýoluny saýlamagy başaryp, üstünlikli hereket etmegiň ugur-ýollaryny dogry kesgitlän bolsa, onda halk geljege has ynamly garaýar. Çünki, adamlar şu günki gazanylýan üstünlikleriň has ýokary netijelerine geljekden garaşýarlar. Şonuň üçin hem, ýaşululara geňeşmegi halkymyz özüniň jemgyýet we döwlet ösüşiniň esasy aýratynlygy hökmünde saýlap, bu asylly däbe yzygiderli eýerýär.
Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň il bilen bolmak, birek-birege kömek etmek, dertli gününde derdini, begenen gününde şatlygyny paýlaşmak ýörelgeleri halkymyzyň baý durmuş tejribesinden, nusga alarlyk medeniýetinden habar berýär. Olar döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerilip, ýaşlarda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek ýaly häsiýetler terbiýelenýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda hereket edýän, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriniň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ýokary wekilçilikli edaradyr. Häzirki döwürde halkymyz döwletiň syýasy durmuşynda has täsirli orun eýelär. Türkmen halkynyň paýhasly pederleri işlerini şeýle amala aşyrypdyrlar. Geçen döwürde geňeş esasan ýaşulular bilen geçirilen bolsa, indi ýaşlaryň pikiri hem has täsirli bolup durýar. Halk Maslahaty dürli ýaşlardaky jemgyýetiň wekillerini öz içine alýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek hem-de hyzmat etmek bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda, Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler.
Ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän pendi-nesihaty, görüm-göreldesi, ulyny sylamak, agzybirlik ýörelgesine eýermek ýaly asylly däpleri halkymyzyň ruhy mirasyna pugta ornaşyp, häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň demokratik ýörelgeleri bilen utgaşykly sazlaşýar. Munuň şeýledigini, ýurdumyzda jemgyýetçilik jebisliginiň milli esaslaryny berkidýän her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar.
Halk Maslahaty bir tarapdan milli demokratiýamyzyň özboluşly ýörelgesini şöhlelendirýän bolsa beýleki tarapdan, halkymyzyň “maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen paýhasyna eýerýändiginiň, ýurdumyzda ýaşulularyň jemgyýetdäki ornuna mynasyp baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halk Maslahatynyň aýratyn ähmiýeti halkymyzyň taryhy ösüşinde wajyp bolan jemgyýetçilik ýörelgeleriň häzirkizaman ösüş meýilleri bilen sazlaşdyrylmagy arkaly olaryň durnukly ösüşiň ugurlarynyň, ileri tutulýan wezipeleriň we maksatlaryň amal edilmegine gönükdirilmeginde şöhlelenýär.
Şeýle hem, bu döwletli maslahatyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ornuny onuň il sylagly ýaşulular bilen birlikde, dürli kärde zähmet çekýän raýatlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalarynyň gatnaşmagy arkaly giň jemgyýetçilige wekilçilik edýän oňyn täsirinde hem görmek bolýar. Bularyň ählisi, halk häkimiýetliligine, raýat jemgyýetiniň dabaralanmagyna, ýurdumyzyň durmuşyna raýatlaryň işjeň gatnaşmagyna, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge netijede bolsa, raýat, jemgyýet we döwlet sazlaşygynyň üpjün edilmegine itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrýan ösüşlere beslenýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda paýtagtymyzda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň dowamynda Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýan il-ýurt bähbitli çözgütleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň göz öňünde tutulmagy buýsandyrjy ýagdaýdyr. Çünki Gararşsyzlyk häzirki döwlet berkararlygynyň mizemez binýadyny beýan edýän bolsa, ýaşulularymyz düýnki, şu günki hem-de ertirki günümize bolan uly ynamy we durmuş tejribesini özlerinde jemleýän halkymyzyň milli terbiýe mekdebi bolup durýar. Adam jemgyýeti döredýär, adamyň döreden jemgyýeti bolsa onuň özüni hem terbiýeleýär. Döwletiň ösüş derejesi bolsa, şol jemgyýetdäki adamlaryň kämillik derejesi bilen baglanyşyklydyr.
Şu nukdaýnazardan ýaş nesliň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde olara ýaşulularymyzyň berýän öwüt-ündewleriniň, edep-terbiýesiniň uly ähmiýeti bar. Ýaşulularyň ýaş nesli halallyk, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik ruhunda terbiýelemekdäki hyzmaty şöhratly taryhymyzda, edebi mirasymyzda, şu günki gündelik durmuşymyzda hem aýdyňlygy bilen görünýär. Şu nukdaýnazardan, Ýurt Baştutanymyz ýaş nesillere edep terbiýe bermek işiniň milli däp-dessurlarymyz bilen sazlaşykly alnyp barylmalydygy barada yzygiderli nygtaýar.
Umuman, ýurdumyzda demokratik ösüşleriň çuňlaşdyrylmagy, raýat jemgyýetiniň işjeňleşmegi, ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň yzygiderli giňemegi ýaly oňyn görkezijiler türkmen jemgyýetiniň ýaşaýyş-durmuş derejesini hem özgerdýär. Halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýan döwlet ähmiýetli meseleleriň çözgüdini kabul etmekde ýaşululara geňeşmek, olara sala-salmak däbine eýerilmegi bolsa döwletlilikden we bagtyýarlykdan nyşandyr.
Mämmetöwez ATAÝEW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.