Halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri parahatçylygy söýüji ynsanlaryň her biriniň kalbyna nur çaýýar. Geçmişde dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşan türkmen bu gün dünýä jemgyýetçiligindäki aň ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: «Ýüreklerimizde we aňymyzda «yşk mülküniň şasy» hökmünde orun alan Mollanepes şahyryň:
Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
Ol birine gep berip, ol birine al berme -
diýen ajaýyp setirleri halkymyzyň bir eýýämden bäri durmuş ýörelgesine öwrülen pelsepesidir. Bu milli kadalar döwlet syýasatymyzyň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, biz uly ähmiýeti bolan başlangyçlarymyz arkaly dünýäniň ähli milletlerini, halklaryny we döwletlerini birleşmäge, dostlaşmaga hem-de doganlaşmaga çagyrýarys». Türkmen aňyýetiniň edebi esasy öwrenilende, seljerilende onuň jemgyýetdäki ornunyň uly bir sütündigine göz ýetirýärsiň.
Parahatçylykdyr agzybirlik, dost-doganlykdyr ynsanperwerlik, ahlaklylykdyr halallyk ýaly ýörelgeler biziň milli terbiýe mekdebimizde menziller aşyp gelýär. Halk döredijiliginde, halky eserlerde we nusgawy edebiýatymyzda ynsanperwerlige ýugrulan edep-terbiýäniň özboluşly nusgasyny görmek bolýar. Munuň özi, ynsanperwerligiň gadymy döwürlerden bäri türkmeniň kalbyndan gaýdýan ýoldygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Gülaýym AŞYROWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Berkararlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.