ÝAŞLAR ÝURDUŇ GELJEGI

     Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2024-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň, geçirilmeli çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda etrabymyzdaky Astanababa ýadygärligine gezelenç guradyk. Oňa TMÝG-niň etrap geňeşiniň işjeň agzalary, edara-guramalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Gezelenjiň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň taryhy we medeni goraghanasynyň işgäri H.Annakuliýew, Kerki etrabynyň polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-ň gözegçisi, polisiýanyň kapitany P.Annaýew we polisiýanyň ýerli wekilleri çykyş etdiler.

     Edilen çykyşlarda ýaşlary watançylyk, belent adamkärçilik, birek-birege hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tarapyndan alnyp barylýan işleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatyndan ugur alnyp ýaşlaryň milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny, ýurdumyzyň çägindäki taryhy we medeni ojaklaryň aýratynlyklaryny içgin öwrenmekleri ugrunda alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi. Ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli işlere sarp etmeklerini gazanmak, olara halkymyzyň şöhratly taryhyny içgin öwretmek, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.  

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY